Mukaddes borç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini we miwelerini berýär. Ýurdumyzda guralýan köp sanly täze binalar we desgalar, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp miweleridir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen belläp geçdik. Häzirki günlerde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär. Bu şanly senäniň TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň senesi bilen gabat gelmegi partiýa agzalaryny has-da guwandyrýar, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, agzybirligi, jebisligi berkitmekde, halkymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda biziň partiýamyzyň hem mynasyp paýy bardyr.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy otuz ýylyň içinde özüniň maksatnamalaýyn we tertipnamalaýyn wezipelerine laýyklykda, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barmak bilen, jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. TDP-niň agzalary Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan beýik işlere buýsanýarlar we il-ýurt bähbitli, giň möçberli işleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna goşant goşmagy özlerine mukaddes borç hasaplaýarlar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen gününden bäri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň syýasy berkararlygyny pugtalandyrmagyna saldamly goşandyny goşdy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen rowaçlyga beslenen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna giň ýol açdy. Şeýle hem milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde, ruhy gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmakda uly tagallalar edildi we edilýär. Şeýle tutumly işleri wagyz-nesihat etmekde partiýamyzyň işgärleri we işjeň agzalary agzybirlikli zähmet çekýärler. Şonuň ýaly-da sagdyn durmuş ýörelgesini, sport syýasatyny halkyň arasynda täsirli wagyz etmek möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar. Etrap komitetimiziň işgärleridir işjeň agzalary öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzy uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Watanymyzyň abadançylygy ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Muhammetgylyç Nepesow, TDP-niň Mary etrap komitetiniň başlygy

“MARU – ŞAHU JAHAN” gazeti

25.11.2021 ý

tags: