MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZ BILEN ÝAŞYTDAŞ

TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyna

Döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen raýatyň berk sazlaşygy demokratik ösüşiň esasy binýadydyr. Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynyň hatyrasyna jemgyýetde wagyz-nesihat, terbiýeçilik we ideologiýa işini alyp barmakda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna we beýleki syýasy partiýalara, jemgyýetçilik guramalaryna uly ynam bildirýär.

Welaýatymyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Demokratik partiýanyň welaýat komitetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren duşuşygynda sözlän çuň manyly, baý mazmunly sözlerinden, maslahatlaryndan we tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaşlarda şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize belent buýsanjy kemala getirmek, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini dowamly alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Demokratik partiýamyza döwletimiziň alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini guramakda we alyp barmakda esasy orun degişlidir» diýen ajaýyp jümlesi bize gijämizi gündiz edip işlemäge güýç-kuwwat berýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher we etrap komitetleri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, ilat arasynda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaramaz endikleri ýazgarmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýärler.

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edilen «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny gysga döwürde ýurdumyzda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän oňyn netijeleri berdi. Ýagny ýurdumyzda üç sany partiýanyň — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, 2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 2014-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hereket etmeginiň özi jemgyýetimiziň syýasy, demokratik ösüşinde taryhy ädimdir. Ýurduň döwlet, syýasy gurluşynyň anyk mazmuna eýe bolmagynyň alamatydyr. Halkara giňişlikde Türkmenistanyň demokratik, dünýewi, hukuk döwlet hökmündäki ornuny we abraýyny artdyrýan möhüm wakadyr. Ýurdumyzda köpdürli syýasy garaýyşlaryň we köppartiýaly jemgyýetiň ykrar edilýändigi baradaky kadalar Türkmenistanyň dünýä syýasy giňişligine ynamly goşulyşýandygyny, hukuk, dünýewi, demokratik döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýeleýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy halkyň bähbitlerini aňlatmak, okgunly ösüşleriň ugrukdyryjysy bolan strategik maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga jemgyýetçilik güýçlerini gönükdirmek, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işleri arkaly Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny, maksatlaryny halkyň aňyna ýetirmek ýaly möhüm işlerde ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sazlaşykly hereket edýär. Hatary ýyl-ýyldan artýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hemişe döwlet bilen halkyň jebisliginiň, jemgyýetde agzybirligiň, raýat ylalaşygynyň gazanylmagyna öz tejribesi we guramaçylyk güýji bilen goşant goşmak ugrunda işjeň hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetde agzybirligiň höküm sürmegini, bir maksada, bir döwlete gulluk edilmegini gazanmak Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň baş maksady we syýasy işiniň esasy özeni bolup durýar. TDP-niň welaýat komiteti durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik özgertmelere, il-ýurt bähbitli tutumly işlere işjeň gatnaşmak, bu babatda öňdäki hatarlarda bolmak bilen, öz abraýyny barha ýokarlandyrýar, özüne bildirilýän ynamyň has-da artmagyny gazanýar. Şu jähtden, welaýat partiýa komitetiniň hataryna agzalyga girýänleriň sanynyň hem artýandygyny mysal getirmek bolar. Agzalaryň sany şu günki günde 38 müňden hem geçýär. Munuň özi soňky birnäçe ýylyň dowamynda partiýa agzalarynyň hatarynyň 5 müňden hem gowrak artandygyny görkezýär. Häzir welaýatymyz boýunça 1106 sany ilkinji partiýa guramalary hereket edip, olaryň aglabasy oba hojalyk ulgamynda, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, senagat pudagynda döredilendir.

Soňky ýyllarda ýaşlaryň demokratik partiýanyň agzalygyna girmäge has köp isleg bildirýändigi hem guwandyryjydyr. Munuň özi taryhy döwrümiziň täze düşünjeli ýaşlarynyň döwletiň syýasy durmuşyna örän işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezýär. 2021-nji ýylyň geçen döwrüniň jemleri boýunça welaýatymyzyň ýaşlarynyň 541-siniň partiýa hataryna goşulmaklary örän buýsandyryjydyr. Partiýanyň işjeň agzalary ýaşlaryň arasynda yzygiderli bolup, dürli çäreleriň täsirli geçirilmegini gazanýarlar, öz göreldeleri bilen nusga bolýarlar. Munuň özi her bir ynsanda watansöýüjiligi, mukaddesliklere, täze eýýamymyza buýsanç we guwanç duýgularyny terbiýelemäge ýardam edýär. Bu bolsa partiýanyň maksatlaryndan gözbaş alýan, beýik özgertmeleriň ruhuna laýyklykda, doly we anyk çözülýän wezipelerdir. Döwletimiziň, hökümetimiziň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan baş ýörelgesini, içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmekde, dürli syýasy we medeni-köpçülik çäreler arkaly hormatly Prezidentimiziň her bir geçirýän duşuşyklarynda, wideoşekilli iş maslahatlarynda, Ministrler Kabinetiniň, Halk Maslahatynyň mejlislerinde, forumlarda eden çuň manyly taryhy çykyşlarynyň ähmiýetini, onuň many-mazmunyny gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde TDP-niň welaýat, şäher, etrap guramalary wagyz-nesihat işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan möhüm syýasy wakalar, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitler halkara derejede giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuny has-da dabaralandyrar. Ata Watanymyzy şeýle ösüşlere besleýän, merdana türkmen halkyny ak ýollar bilen röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz ýürekdendir.

Täçmyrat Rejepow, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: