MUKADDES ÝÖRELGELERIŇ AJAP BEÝANY

Ylmyň ähli ugurlaryndan ýokary kämillik, ylahyndan zehin, akyldan umman çuňlugy berlen alym hem söz ussady bolan eziz Arkadagymyzyň elimize gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine – bize, hemmelere niýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň galam işlediş ussatlygyna, pähim-parasat baýlygyna öňden belet okyjylary bolan biz bu mukaddesligi alnymyza togap edip, ýüzümize sylyp, çäksiz şatlyk, ýokary mertebe bilen kabul etdik. Adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky täsirli hem gyzykly söhbediň beýany bolan bu eserde mukaddeslikler hakda, olaryň barha rowaçlanýandygy barada ata-babalarymyzyň mizemez ynanjy okyjylara örän özboluşly edilip ýetirilýär.

Mukaddes hasaplanýan zatlary hormatlamak, arzylamak, olary hemişe kalbyň çuňlugynda, hakydaň töründe saklamak hem döwletli ýörelgelerdir. Şu meseleden söhbet açyp, şirin zybanymyzyň uly ussady bolan mähriban Arkadagymyzyň kitapdaky sözleriniň her biri kalplara keşde bolup ornaşýar.

Ylahyndan zehinli söz ussady bolan milli Liderimiziň şu mahala çenli çap edilen, eýýäm il içinde asla tutuş meşhur bolan kitaplarynyň her biri, şol sanda  «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» hem arzylanyp, hormatlanyp ýüze-alna sylynmaga mynasypdyr. Sebäbi olar her bir okyjy üçin mukaddesdir, ezizdir, hiç wagt möwriti geçmejek ruhy gymmatlykdyr.

Dünýä halklarynyň arasynda dostana gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagyna, birek-birege düşünmek, kömek-goldaw bermek meýilleriniň barha ilerlemegine giň ýollar açýan döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň gadymy, wagtyň synagyndan geçen gymmatly ýol-ýörelgelerine ýüzlenmek bilen, biziň her birimizi arassa, tämiz gözbaşlara has ýakynlaşdyrýar. Gowynyň gadyryny bilmek, asyl gymmatlyklary arzylamak, bu mukaddes ýörelgeleri geljekki nesillere tämiz hem dürs ýagdaýda ýetirmek bimöçber sogap işlerdir.

Arzyly kitapda bular barada rowaýatlardyr tymsallaryň, halk içindäki çeper aýtgylaryň üsti bilen, ylaýta-da ýaş nesilleriň aňynda, ýadynda galarlyk derejede çeperden çuňňur beýan edýär.

Biziň döwletlilik ýörelgelerimiz, gör, nähili mukaddes, mizemez hem eziz eken! Bu gün şeýle gadymy hem müdimi ýol-ýörelgelere, dury hem çuňňur gözbaşlara eýerýän hem oňa çyn ýürekden uýýan halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alny açyk, geljege nurana, döwleti yrylmaz. Şonuň üçin hem biz ýüz sylynmaly mukaddeslikleriň hataryna eziz Arkadagymyzyň mübärek adyny hem arkaýyn goşup bileris. Berkarar döwleti döredip, il-halkyna bagtyýar zamanany, eşretli eýýamy bagyş eden, diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş dünýäniň oňatlyga tarap özgermegine ägirt uly goşant goşýan Beýik ynsan hakykatdan-da şeýle hormata şek-şübhesiz mynasypdyr.        

Baýramdurdy Meredow, TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary” gazeti

12.11.2020 ý

tags: