ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň hem-de baky Bitaraplygynyň şöhratly ýyllarynyň içinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdaky ägirt uly ähmiýetini, ondan gelip çykýan umumadamzat bähbitli wezipeleri, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan beýik işlere goşant goşmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip düzülen we kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de 2020-nji «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda «Türkmenistan— Bitaraplygyň mekany, dünýä dolýar bagtyýarlyk mukamy» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, oçerklerini, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige gatnaşýanlar ýazan eserleriniň ýanyna özleri hakynda maglumaty (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýerleriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgilerini) goşmalydyrlar.

Bäsleşigiň netijeleri 2020-nji ýylyň 12-nji dekabryna çenli jemlener we ýeňijilere baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany, dünýä dolýar bagtyýarlyk mukamy» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Biziň salgymyz: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1-nji jaý. Telefonlar: 6-07-92, 6-07-95.

“Balkan” gazeti.

28.01.2020ý.

 

tags: