Nusgalyk ýoluň dowamy

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga bermegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň, ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdirlen uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar, halkara abraýy arşa göterilýär. Halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly Şa gadamynyň düşen ýeri gül-gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýär. Gözümiziň alnynda türkmen topragy, şäherlerimiz, obalarymyz gözel görke gelýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň “Watan halky bilen Watandyr, döwlet halky bilen döwletdir” diýip, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin döredip berýän ajaýyplyklarynyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklige uly üns berýär. Welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanlaryna baryp, bu ýerde kärendeçi Atageldi Ärnyýazow, bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Kärendeçiniň nähili ekinleri ösdürip ýetişdirýändigi, döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar, maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Kärendeçi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletimiz tarapyndan kärendeçi babadaýhanlar ýokary hilli tohumlar, kuwwatly tehnikalar, dökün, suw, haşal otlara we zyýankeşlere garşy derman serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilýändigi barasynda buýsanç bilen aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçi döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, gowy girdeji alypdyr. Bu ýyl bolsa ýerden bugdaýyň “Ýolöten-3” görnüşini, şeýle hem ýeralma ekip, bol hasyl ýetişdiripdir. Kärendeçi bugdaýdan boşan ýerlerine güýzlük gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz kärendeçini we onuň maşgala agzalaryny gymmat bahaly sowgatlar bilen serpaýlady.

Belent mertebeli Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmeklige, milli däp--dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmeklige we döwrebap baýlaşdyrmaga uly üns berýär. Welaýatymyza iş saparyny amala aşyran mahalynda hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we ak pata bermegi bilen “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň ýanynda gurlan 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasyny açyp, ulanmaga berdi. Nesip bolsa, bu bina milli däp-dessurlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň geçirilýän merkezine öwrülip, halkymyza uzakdan-uzak hyzmat eder.

Şol dabaraly günlerde welaýatymyza toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga berlendigi, milli medeniýetimizi, ykdysadyýetimizi, ýaşaýyş-durmuş derejelerimizi has-da ýokary götermek boýunça amala aşyrýan tutumly işleri üçin welaýatynyň agzybir, zähmetsöýer ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy we çuňňur hoşallygymyzy aýdýarys! Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren sadakasy Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

30.06.2022 ý

 

tags: