Nusgalyk ýoluň dowamy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Medeniýetiň we sungatyň bu ajaýyp baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga bermegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň ruhuny göterdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň sahawatly Şa gadamynyň düşen ýeri gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen jümlelerinden gözbaş alýan halk hakyndaky aladany duýup, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzda onlarça önümçilik, medeni durmuş maksatly binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik we süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy ýokary depginde amala aşyrylýar. Olar bilen ugurdaş welaýatyň Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeler, Oguzhan etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde döwrebap oba we beýleki onlarça binalardyr desgalar gurulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna toý saparynyň çäginde Ýolöten etrabynda nebit önümleri kärhanasynyň önümçilik we dolandyryş binalary açylyp ulanylmaga berildi.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly üns berýär. Welaýatymyza toý saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanlaryna baryp, bu ýerde kärendeçi Atageldi Ärnyýazow bilen söhbetdeş boldy. Kärendeçiniň nähili ekinleri ösdürip ýetişdirýändigi, döwlet tarapyndan berilýän hemaýatlar, tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. Kärendeçi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiz tarapyndan babadaýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, kuwwatly tehnikalar, dökün, suw, haşal otlara we zyýankeşlere garşy derman serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilýändigi barada buýsanç bilen aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçi döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, 2021-nji ýylda 21 gektar meýdana gowaça ekip, 78 tonnadan gowrak ak altyny döwlet harmanyna tabşyrypdyr, 74 müň manatdan gowrak arassa girdeji alypdyr. Bu ýyl bolsa 55 gektar ýerden bugdaýyň Ýolöten-3 görnüşini, şeýle hem 15 gektar ýere ýeralmany ekip, bol hasyl ýetişdiripdir. Kärendeçi bugdaýdan boşan ýerlerine güýzlük gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçini we onuň maşgala agzalaryny gymmat bahaly sowgatlar bilen serpaýlamagy ýurdumyzda halal zähmete goýulýan hormatyň nyşany boldy.

Welaýatymyza toý saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek sogap iş diýen ýörelgesinden ugur alyp, 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasyny açyp ulanmaga berdi. Bu bina milli däp-dessurlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň geçirilýän merkezine öwrülip, halkymyza hyzmat eder.

Toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga berilmegi, milli medeniýetimizi, ykdysadyýetimizi has-da ýokary götermek boýunça amala aşyrýan tutumly işleri üçin Mary welaýatynyň zähmetsöýer ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

09.07.2022 ý

 

tags: