Nusgalyk taglymat dünýä nur saçýar

Hormatly Prezidentimiziň ýaýbaňlandyran ynsanperwer içeri we parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän çäreleri halkymyzy maddy we ruhy taýdan galkyndyrýar, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzy has-da işjeňleşdirýär. Bu gün Türkmenistanyň dünýä derejesindäki at-abraýy barha beýgelýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik, 130-dan gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýdy, 50-ä golaý abraýly halkara guramalaryň işeňňir agzasy. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, noýabr aýynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi döwletimiziň halkara işjeňliginiň we abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir aýdyň görkezijileridir. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleriň maksady Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdyr.

Paýtagtymyz Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, nusgalyk şähere öwürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, şäheriň keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat ak mermere bürenen döwrebap şähere öwrüldi. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Konstitusiýa binalary, Maslahat köşgi, «Bagt köşgi» binasy, «Oguzkent», «Ýyldyz», «Arkadag», «Garagum» myhmanhanalary, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözel keşbini emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän beýik aladasyny biz her gün duýýarys. Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher guramasy beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, hormatly il ýaşululary, bilim, terbiýe berýän we saglygy goraýyş edaralarynyň, häkimlikleriň işgärleri bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda arassaçylygy hem-de tämizligi gorap saklamak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar.

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti Maksatnamalaýyn we Tertipnamalaýyn wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bir hatarda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, olarda watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly sypatlaryň jemlenmegi üçin ähli tagallalary edýär.

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez esaslaryny berkitmek, ýurtda syýasy durnuklylygy, agzybirligi, jebisligi we bitewüligi pugtalandyrmak ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik özgertmeler syýasatyny wagyz-nesihat etmekde hem ençeme işleri durmuşa geçirýär. Şeýle-de, olar täze eýýamyň ösen talaplarynyň öňümizde goýan aýdyň hem-de asylly maksatlaryna ýetmek üçin ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: