OÝLANYŞYKLY SYÝASAT — GARAŞYLÝAN NETIJE

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dünýä ösüşiniň özboluşlylygyny nazarda tutmak bilen, maksatnamalaýyn esasda amala aşyryp, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. Kabul edilen we üstünlikli amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalar, ilkinji nobatda, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, aýry-aýry sebitleri ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar muny aýdyň subut edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» möhüm ähmiýete eýedigini aýtmak gerek. Şol maksatnamalarda anyk döwrüň aýratynlyklary, ilkinji nobatda, 2008-nji ýyldan bäri dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady we syýasy çökgünligiň netijesinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi.

Milli Liderimiziň soňky wagtlarda dünýäniň dürli sebitlerinde koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýyň oňaýsyz täsirini peseltmäge gönükdirilen başlangyjynyň häzirki şertlerde örän ähmiýetlidigini bellemek gerek. Bu babatda hormatly Prezidentimiz halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, şeýle şertlerde ýurdumyzyň içerki ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibinde koronawirus ýokanjynyň dünýäde giňden ýaýramagy bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýyň ykdysadyýetiň ösüşine oňaýsyz täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri görmek meselesiniň möhüm orun eýelemegi ýönelige däldir. Çünki munuň özi häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz çözülmegini talap edýän derwaýys meselesi hökmünde orta çykdy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşmelidigini, onuň girdeji çeşmeleriniň esaslandyrylan we kanunalaýyk bolmalydygyny, çykdajy ugurlaryny netijeli we maksadalaýyk maliýeleşdirmelidigini, salgyt düzgünlerini kämilleşdirip, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmalydygyny, bu ugurda halkara tejribeden ugur almak bilen, döwlet emlägini hususylaşdyrmagy, döwletiň paýy bolan edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi, gymmatly kagyzlar bazaryny guramagy çaltlandyrmalydygyny, zyýan çekip ýa-da pes netije gazanyp işleýän döwlet kärhanalarynyň aýratynlykda seljerilmelidigini, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny doly ulanyp, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmalydygyny, ýokary hilli önümleri öndürip, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmalydygyny hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň üstünde yzygiderli işlemelidigini, ýer böleklerini bermek işini ýönekeýleşdirip, karz, gümrük we söwda taýdan resmileşdirmegi ýeňilleşdirmelidigini, eksport höweslendirmeleri arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi tizleşdirmelidigini, munuň üçin wiza, bellige almak, ýer böleklerini resmileşdirmek, karz we hasaplaşyk ýeňilliklerini girizmek mümkinçiliklerini öwrenmek zerurdygyny nygtamak bilen, bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmelidigini, pudaklary pul serişdeleriniň zerur möçberi bilen üpjün edip, hümmetsizligi meýilleşdirilýän derejede saklamalydygyny, dürli pudaklara berilýän karzlaryň ykdysady taýdan bähbidine we netijesine yzygiderli seljerme geçirmelidigini, berilýän karz serişdeleriniň bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmelidigini, şeýle-de halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini, daşary ýurt maýa goýumlaryny, çekmegiň üstünde köpräk işlemelidigini, abraýly halkara maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, olaryň ykdysadyýetimiziň ösüşine berýän synlarynyň we seljerme işleriniň netijelerini ýerlikli peýdalanmalydygyny aýratyn nygtady. 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak, her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri göz öňünde tutmalydygy barada aýdanlary milli Liderimiziň ähli aladasynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini ýene-de bir gezek subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz şol mejlisiň dowamynda iki sany möhüm resminama gol çekdi. Olaryň birinjisi dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak baradaky Karardan, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginini saklamak, bu ugurda dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürlen degişli halkara başlangyçlary milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karardan ybaratdyr. Bu resminamalaryň birinjisine laýyklykda, onda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň ähli derejedäki dolandyryş düzümlerine, olaryň ikinjisine laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bu meýilnamany ýerine ýetirmek üçin Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün etmegiň tabşyrylmagy gürrüňi edilýän meseläniň iňňän derwaýysdygyny görkezýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ähli aladasynyň mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini ýene bir gezek subut edýär.

Atajan BURUNOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor. TDP-niň işjeň agzasy.

“Türkmenistan” gazeti.

04.08.2020ý.

 

tags: