Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ýurdumyzda täze üstünliklere, guwandyryjy ýeňişlere beslenýär. Häzirki beýik taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpgöter özgertmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen oba zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän daýhanlaryň göwün guşuny göge göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kärendeçiler ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, ösümlikleriň kesellerine, zyýankeşlerine, haşal otlara garşy himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Iň kämil, ýokary zähmet öndürijilikli tehnikalaryň satyn alynmagy, tehniki hyzmatlaryň 50 göterim ýeňillikli bahadan döwlet tarapyndan berilmegi gallaçy kärendeçileri ýokary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Uly ösüşleri we beýik özgerişleri başdan geçirýän Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we ähli ugurlarda ösüş depgininiň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşmak ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň jana-jan borjudyr.

Oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda, şeýle-de, galla oragynda zähmet çekýän mehanizatorlaryň, kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň we kärendeçileriň medeniýetli dynç almaklary üçin etrap häkimligi TDP-niň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde köpçülikleýin medeni dynç alyş çärelerini geçirýär.

Geçirilýän dynç alyş çärelerinde yglan edilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanan kärendeçilere, kombaýnçylara, mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Etrabyň medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalarynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa çäräniň şowhunyny has hem artdyrýar.

Edermen gallaçy kärendeçilerimiz zähmet üstünliklerini gazanmaga ýakyndan ýardamy berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Toýly Anyşow, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

09.06.2022 ý

 

 

tags: