Oba milli maksatnamasy hereketde

ZAMANABAP ÖZGERTMELERIŇ RUHUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly senelere, guwançly wakalara, ösüş-özgerişliklere beslenýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň düzümlerinde sazlaşykly alnyp barylýan işler dolulygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hatarynda, geňeşlikleriň işini döwrebap kämilleşdirmek we pugtalandyrmak babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň obalarynyň durky üýtgeýär hem-de adamlaryň durmuş derejesi ösýär. Geňeşlik tutýan meýdany, ilat sany boýunça etrapda uly geňeşlikleriň biri hasaplanylýar. Geňeşligiň Annagara, Aktam, Birinji Was, Derýalyk, Kyrkgyzoý obalarynda 10-a golaýy milletiň wekilleri agzybir ýaşaýarlar, dürli pudaklarda zähmet çekýärler.

Geňeşlikdäki 4 sany bilim-terbiýeçilik edaralarynda 1813 sany okuwçy ýaşlar döwrebap bilim-terbiýe alýarlar. Oba saglyk öýleriniň 4-sinde saglyk işgärleri gije-gündiz ilatyň saglygyny goraýarlar. Obalarda söwda nokatlarynyň 2-sinde azyk we gatyşyk söwda hyzmatlary ýola goýlan. Şeýle hem ol ýerlerde hususy söwda nokatlary işleýär. Geňeşligiň Kyrkgyzoý obasynda 3,5, Aktam obasynda 2,5, Derýalyk obasynda 2, Annagara obasynda 1,2 kilometr täze elektrik geçirijisi gurlup, ulanylmaga berildi. Derýalyk obasynyň uzynlygy 2400 metr  bolan köçesine asfalt düşeldi hem-de ýoluň iki gyrasyna yşyklandyryjy çyralar oturdyldy. Häzirki wagtda obalaryň ýoluny abatlamak, asfalt düşemek işleri dowam etdirilýär. Derýalyk obasynda medeniýet öýüniň täze binasynyň düýbi tutuldy.

Obada telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Olar önüm öndürmekde, söwdada, awtoulaglara hyzmat etmekde, agaç işläp bejermekde we agyz suwuny arassalamakda iş alyp barýarlar. Geçen ýyl işewür telekeçileriň tagallasy bilen, Derýalyk obasynda döwrebap toýhana ulanmaga berildi. Obada telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, onlarça iş orunlary döredildi. Kömekçi hojalygyny ýöretmek, ýaşaýyş jaýyny gurmak barada isleg bildirýän oba adamlary, ýaş çatynjalar mellek ýer bölekleri bilen yzygider üpjün edilýär.

Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşymyza giňden aralaşýar. Halk hojalygynyň pudaklarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, häzirki zaman kompýuter we maglumatlar ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, geňeşligiň çägindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda, oba saglyk öýlerinde, medeniýet öýünde, geňeşligiň edara jaýynda onlaýn elektron poçta aragatnaşygy ýola goýuldy, olarda websaýt kamerasy oturdyldy hem-de maglumatlary elektron görnüşde kabul etmäge we ugratmaga mümkinçilik açyldy. Hojalyklaryň ençemesi internet ulgamyndan giňden peýdalanýarlar. Şu geňeşlikde 392 sany hojalyk «Altyn asyr» optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyna birikdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, geňeşligiň çäginde ýaz we güýz möwsüminde miweli, bezeg, saýaly agaç nahallarynyň birnäçe müň sanysy oturdylýar. Baglara bürenip oturan küren obalar, bag-bakjaly mellek ýer bölekleri muny aýdyň tassyklaýar. Obalarda arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek adamlaryň köpçülikleýin işlerine öwrüldi. Işjeň adamlaryň aglabasy oba hojalyk pudagynda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar pagtanyň, bugdaýyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Her ýyl köp mukdarda pile taýýarlaýarlar. Şu günler pagtaçy kärendeçiler ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda gujurly zähmet çekýärler.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

27.11.2021 ý

 

tags: