OWAZY GURSAGA MELHEM, SENEDI KALPLARA YLHAM

Dutaryň ýakymly owazyna melul bolmadygymyz ýokdur. Saz diňleseň ruhuň belent, keýpiň kök bolýar. Şonuň üçin hem il-günümiz saza kerem, dutara bolsa jadyly senet diýýändir. Aýdym-saz, dutar, gyjak agzalsa, kalba ýakyn owazlaryň şirin mukamy gulagyňda ýaňlanýar. Saz sungaty, dutaryň, gyjagyň ýürekleri heýjana salýan owazy hakda näçe aýtsaň hem aýdara zat kän. Biziň söhbetimiz hem owazy bilen ýürekleri maýyl edýän dutary ýasaýan, bu keremli senede dil bitirýän ussa hakynda. Çünki agaçdan kemal bolýan jadyly senediň ýasalyşynyň özi-de aýratyn bir sungatdyr.

Agamyrat Gurdow ussahanasynda şirin mukamy döretjek dutarlary ýasaýan, öz kärinden lezzet alýan dutar ussasydyr. Ol Bäherden etrabynyň Akdepe obasynyň ýaşaýjysy. Agamyrat ussa dutar ýasamaga aşa höwesli bolansoň, eýýäm ýetginjeklik döwründe Aşgabadyň etegindäki Şorgaradamak obasyndan ady ile dolan dutar ussasy — Gara ussalara gatnap başlaýar. Ýaş ýigit halypasynyň ýanynda işläp otyrka, täze ýasalan dutara göwni ýetip, ussanyň işinden hoşal bolup, onuň adyna alkyş aýdyp gidýän sazandalardyr bagşylary görende, bu işe has hem höweslenipdir.

Bu käri ymykly ele alan Agamyrat ussanyň ýasan dutarlarynyň sany-sajagy ýok. Toý-baýramlaryň bezegi bolan dutarlary ýasap, iliň alkyşyna mynasyp bolan ussa, ömrüni inçe senede baglanlardandyr. Agamyrat ussadan dutaryň ýasalyş aýratynlyklary hakynda soranymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Dutaryň kädisi şatut ýa-da ak tut agajyndan, sapy bolsa, garry erik agajyndan ýasalýar. Tut agajynyň berkden sagdynyny saýlamak gerek. Uzyn, ýogyn, togalak alnan tut agajy 36 santimetrden dört bölek edilip kesilýär we netijede, birbada birnäçe kädini, ýagny dutaryň kellelerini ýasap bolýar. Olary birbada işläp taýýarlamaga ýetişmejegiňe gözüň ýetse, çyg ýerde gömüp goýmaly. Dutaryň gapagy 1,5 santimetrden gowrak edilip ýuka kesilýär we tamdyrda bişirilýär. Gapak mazaly bişirilmese gowy çykanok. Şonuň üçin ony bişýärkä, çalaja kesip barlap görmeli. Sap, gapak taýýar bolansoň, kädisi oturdylansoň, perde dakmaly. Jemi on üç perde kakylýar, iň ýokarky bilen on dört bolýar. «Şeýtan» perde diýlip atlandyrylýan iň ýokarky perdäniň aşak ýanyndan «şeýtan» gulagy-da goýulýar. Sapy berkitmek üçin bokurdak açylýar. Ilkibada kirşiň ornuna ýüp dakylyp çekilip görülýär, hemme zat bolmalysy ýaly hasap edilse, ondan soň demir kirişler berkidilýär.

Garaz, dutary ýasamagyň işi ýetik. Men otuz ýyllap dutar ýasadym. Indi käte birini ýasaýmasam, dutar ýasamak gujuryňa, ýaşyňa gönüden-göni bagly senet bolansoň, häzirki wagtda halypalyk ýoluny ýöredýärin. Ýaşlaryň arasynda dutar ýasamaga höweslileriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Olara halypalyk edip, türkmeniň müdimi milli mirasy bolan dutar senediniň inçe tärlerini öwretmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň milli senetçiligimizi ösdürmek baradaky belent başlangyçlary dutar ussaçylygynyň hem giňden ösdürilmegine ýardam berdi. Bizi şeýle bagtyýarlyga duş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent bolsun!

Agamyrat ussa bu sözleri ýüreginden syzdyryp aýtdy. Ol ýanýoldaşy Annagözel bilen sekiz çagany ösdürip kemala getirdi. Ýedi gyzyň, bir ogul perzendiň kakasy bolan Agamyrat ussa çagalarynda-da päkize zähmete bolan söýgini birkemsiz terbiýeledi. Olar häzir dürli kärlerde işleýärler.

Dutara, saza bolan mizemez söýgi onuň dutar ýasamak baradaky höwes-hyjuwlaryna ganat bagladypdy. Ol meşhur ussa bolup kämillige ýetişdi. Bu gün ony diňe Ahal sebitinde däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda ussat, ezber dutar ussasy hökmünde tanaýar.

—Men çagalykdan saz diňlemegi gowy görerdim. Pürli Saryny, Çary Täçmämmedi ürç edip diňlärdim. Saza höwesli bolsam-da, kalbymdaky dutar ýasamak hakyndaky islegler meni öz erkime goýanokdy. Elime tagta bölejigi ilse, ony ýonuşdyrardym, garaz, dutaryň şekilinde tasa getirmäge çalşardym. Çagalykda-da oýun bilen kän wejim bolmazdy. Agaçlaryň toplanyp duran ýerini görsem, şol tarapa nädip ýönelenimi hem bilmän galardym. Çagalykdan saýlanyp, akylym has goýalyşansoň, agaçlaryň iň naýbaşy saz gurallaryna jan berýändigine düşündim we meniň agaçlar hakdaky gyzyklanmalarym has-da artyp başlady. Gara halypa, menden bir zatlar çykjagyny aňdy öýdýän, maňa aýratyn ünsli çemeleşdi. Her bir öwredenlerini gapyp alşyma syny oturansoň, ol bu senet barada bilýänleriniň ählisini ýadaman-ýaltanman öwretdi. Halypa gördüm. Halypa görmeseň, kämillige ýetmek juda müşgil. Özbaşdak ýasan dutarlaryma halypam şeýle bir dürs bellikleri aýdardy welin, men entek-entekler bärden gaýdýan ýerlerimiň bardygyna düşünip galardym.

Dutar senetçiligi-de, edil şirin owazy deý özüne kökerip dur. Men dutar ýasanymda dynç alýaryn, täzeden dünýä inen ýaly bolýaryn. Öz saýlan senedimden göwnüm hoş. Ýaşlara bu senedimi höwes bilen öwredýärin. Bu ajap döwürde işlemek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Hawa, ynsan ömri gyzykly we hakydada hemişelik galýan pursatlardan doly. Agamyrat ussa hem ilkinji ýasan dutary, ilkinji dünýä inen perzendi, maşgala binýadyny guran güni hakyndaky ýatlamalary hakydasyndan aýyrman ýaşaýan bagtyýar ynsan. Ol bir maksada — il-gününe nep getirmek maksadyna gulluk etdi. Bu belent maksat oňa tükeniksiz hormat getirdi. Häzirki wagtda Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda sylagly maşgalalaryň biri bolan Agamyrat ussanyň döwletli ojagy sungatyň, dutar senediniň muşdaklary üçin elmydama açyk. Biz hem elinden dür dökülýän bu ezber ussanyň janynyň sag, abraýynyň belent, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Rahmanberdi Annalyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy

“Ahal durmuşy” gazeti

09.12.2020 ý

 

tags: