PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY BILEN YNAMLY ÄDIMLER

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 16-njy dekabr güni syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite iş maslahatyny geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni bolan şol mübärek günde ýatdan çykmajak taryhy wakanyň gözli şaýady bolduk. Elbetde bu taryhy pursatyň özi tutuşlygyna üstünliklere beslenen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şöhratly taryhyna  altyn harplar bilen ýazylar. Arkadag Prezidentimiz bu gezekki geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna aýdan buýsançly tabşyrygynda “Wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşynda geçirýän özgertmeler syýasatynyň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmeli. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlary bilen arkalaşykly işlemeli”  diýip belledi. Şeýle hem alym Arkadagymyz ýetip gelýän Täze 2021-nji ýylda dabarasy uludan tutuljak  Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hakynda aýratyn  bellemek bilen “Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30-ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli” diýip nygtady. Ine şeýle buýsançly hem-de sogaply tabşyryklary durmuşa geçirmek bilen bagly işleriň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli işjeňleri dünýäde ykrar edilen milli Liderimize çäksiz alkyşly sözlerini aýdýarlar. Şeýle joşgunly baýramçylyk  pursatyndan peýdalanyp, öz mähriban we merdana halkyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözürini görüp ýaşadýan “Döwlet adam üçindir!” diýen Baş ýörelgesini bütin dünýäde nusgalyk derejede ösdürýän parasatly döwlet Baştutanymyzy we ähli okyjylary bosagamyza ýetip gelen Täze 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy! Bu taryhy pursat Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny görkezdi. Biz merdana pederlerimiziň asyrlar boýy arzuwlan bagtyýarlyk, abadançylyk we parahatçylyk döwründe ýaşaýarys. Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap olary asyrdan-asyra aşyryp gelýär.

Çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiz  “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly  kitabynyň 63-nji sahypasynda: -“Syýasat täsin guraldyr. Onuň kömegi bilen diňe bir ol ýa-da beýleki döwletiň öňünde duran möhüm wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygy gorap bolýar hem-de “deňlik”, “azatlyk”, “bagtyýarlyk” ýaly düşünjeleri durmuşda rowaçlandyryp bolýar” diýip, jaýdar nygtaýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25-ýyllyk toýunyň uludan tutulan ýylynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen buýsançly şygar astynda tutuş ýylymyzyň üstünliklere beslenendigini bellemelidiris! Bu şanly toý mynasybetli  eýýam 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyzda milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Arkadag Prezidentimiz maslahatyň işine ýolbaşçylyk etdi we onda taryhy söz sözledi. Maslahatyň barşynda jemi 12-sany resminamalara gol çekilmegi bu halkara çäresiniň iňňän netijeli geçirilendigine şaýatlyk edýär. Şol resminamalaryň arasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge ýardam etjek resminamanyň bolmagy, ýagny Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda “Irki ýaşda ýokary hilli we inklýuziw bilim” atly 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň   hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda “Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak” atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin meýilnamasynyň bolmagy has-da buýsançlydyr. Kabul edilen her bir resminama ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine we halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny has-da rowaçlandyrmaga, şonuň bilen birlikde sebitde we  tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Bu halkara maslahata gatnaşanlaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesiniň Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigini aýratyn buýsanç bilen ýatlap bolar. Görşümiz ýaly Gahryman Arkadagymyzyň Baş bolmagynda Beýik başlangyçlaryň ýurduna öwrülen Güneşli Diýarymyzyň täze taryhy altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadagymyzyň-halkyň Baştutany hökmünde we halk bilen bilelikde alyp barýan parasatly syýasaty dünýä nusgalyk derejede ösüşlere eýe boldy.  Çünki, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüji, hoşmeýilli, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halkaryň we sebitleriň özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegini ileri tutýan içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şu ýyl Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wise başlyklyga saýlanmagy, bu  belent abraýa 6-njy gezek eýe bolmagy Arkadag Prezidentimiziň,  dünýäde ykrar edilen syýasy Liderdigini ýene-de bir ýola aýdyň beýan etdi. Ýeri gelende aýtsak Türkmenistanyň  Dünýä Bileleşiginiň ýagny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňki ýyllarda-da bäş gezek  ýagny, 58-nji, 62-nji,  64-nji, 68-nji we 71-nji Mejlislerine wise-Başlyklyk etmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Halkara derejesindäki bu syýasy ýokary göteriliş bolsa merdana halkymyzyň, dünýäde ykrar edilen milli Lideriniň Baş bolmagynda, Garaşsyzlyk we Berkararlyk barada asyrlar boýy arzuwlan umyt-arzuwlarynyň wysala ýetmegidir.

Syýasat bu döwleti dolandyrmagyň, jemgyýetiň ähli işlerini alyp barmagyň, raýatlaryň ylalaşykly işlemegini guramagyň ylmydyr we sungatydyr. Ol tutuş ýurt möçberinde amala aşyrylýar we döwlet häkimiýeti bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgyda eden çykyşynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny aýtdy. Şeýle hem parahatçylygyň we howpsuzlygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip etdi. Toýly ýylymyza şan beren taryhy wakanyň ýene-de biri ol hem Halkara Bitaraplyk güni bolan 12-nji dekabrda merjen şäherimiz Aşgabatda Arkadag Prezidentimiziň Başlyklyk etmeginde “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi   hem-de alym Arkadagymyzyň bu Maslahatyň Gün tertibinde  eden baý mazmunly taryhy çykyşy möhüm syýasy waka boldy. Maslahatyň barşynda; maslahatyň jemleýji resminamasy (Aşgabat jemleýji resminamasy) biragyzdan kabul edildi. Tamamlanyp barýan ýylymyzyň                               syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm taryhy wakalaryň ýene-de biri ol hem üstümizdäki ýylyň 25-nji sentýabrynda parasatly  döwlet Baştutanymyzyň Baş bolmagynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky III-nji mejlisidir. Mejlisde Arkadag Prezidentimiziň çuň manyly we baý mazmunly ýol görkeziji taryhy çykyşy, türkmen halkynyň ertirki nurana geljeginiň  çelgisini tutuş aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Ählihalk maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi we şol bir wagtyň özünde onda kabul edilen ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmegiň, syýasy, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion  kanunyň kabul edilmegi umumymilli forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Demokratik esasda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny hil taýdan täze derejä ýetirmäge uly esas boldy. Döwrüň görnükli syýasatçysy, parahatçylykly ösüşiň döwrebap ýoluny dörediji, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň netijeli çözgütlerini tapmakda başarnykly Lider hökmünde dünýäde özüni tanadan Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary we başlangyçlary  biziň milli buýsanjymyzy artdyrýan taryhy pursatlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik maksatlarynyň hasyl bolmagy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek iň esasy ösüş ýoludyr.  Elbetde wagt bir ýerde duranok, täze mümkinçilikler täze şertler, şeýle hem täze maksatnamalar göz öňünde tutulýar. Ilkinji nobatda ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrjak, döwletiň kuwwatlylygyna itergi berjek maksatnamalar, elbetde özüniň gözbaşyny, özüniň esaslaryny milli kanunçylykda, milli kanunçylygyň kadalary bolsa ilkinji nobatda ýurdumyzyň esasy kanuny bolan Konstitusiýasynda  öz beýanyny tapdy. Bu günki-günde ýurdumyzda durmuşa geçirilen işler, elbetde ähli tapgyrlarda konstitusion esaslarda durmuşa geçirildi. Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan özgertmelere türkmen jemgyýetinde uly gyzyklanma bildirilmegi we oňa ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagy, Alym Arkadagymyzyň  “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Iki palataly ulgam tutuş dünýäde parlamentiň has giňden ýaýran düzümi diýlip hasaplanýar. Galyberse-de, ýurtlaryň 50 göterimden gowragy şu modele eýerýär. Kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşynyň dünýädäki meşhurlygyny göz öňünde tutup aýdanymyzda, Türkmenistanyň şeýle özgerişlikden käbir artykmaçlyklary gazanyp biljekdigini eýýamdan aýtsa bolar. Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan anyk wezipeleriniň düýp maksadynyň ýurdumyzda hereket edýän we halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli ýaşaýyş-durmuşyna gönükdirilen demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýandygyna welaýatymyzyň jogapkär partiýa işgärleri, işjeňleridir ähli agzalary oňat düşünmeklik bilen şol asylly maksatlara ýetilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli tagallalary edýärler. Her ýylda bolşy ýaly, asylly ýörelgä eýerilip ýylyň şygaryna bagyşlanan çärelere toýlar tutulyp badalga berilýär. Şeýle buýsançly şygar bilen ruhlanan welaýatymyzyň agzybir halky, welaýat häkimliginiň şeýle hem welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 9-njy ýanwary güni,  welaýatymyzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Bitaraplyk mekany-jan Watanym Türkmenistan” atly şygar astynda aýdym-sazlara  we buýsançly çykyşlara beslenen buýsançly Maslahat geçirildi. Şol günki badalga berlen Maslahatdan gözbaş alan medeni-köpçülik hem-de wagyz-nesihat çärelerimiz häzirki günlerde hem dowamly alnyp barylýar. TDP-niň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň ähli işjeňleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, hormatly il sylagly Ýaşulularyň, mährem eneleriň, beýleki syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, häkimlikleriň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda täsirli duşuşyklary, maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, edebi-sazly çeper çykyşlary şeýle hem medeni-köpçülik çärelerini  yzygiderli  guraýarlar.

Goý, Hormatly Prezidentimiziň Parasatly Baştutanlygynda  dünýewi, demokratik ýörelgelerimiziň, içeri we daşary syýasatymyzyň tutuş dünýäde dabaralanmagy bilen bagly syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan  asylly işleri Täze 2021-nji ýylda hem üstünliklere ýar bolsun!

Halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiziň özüniň mübärek çykyşynda aýdyşy ýaly “...Goý bu ýyl bize rowaçlyk we bagt getirsin!”

 Goý, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, Garasyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sarpasyny has-da belentlere göterýän, güneşli Diýarymyzyň asmanyny arassa, zeminini parahat saklaýan, merdana halkymyzy bolelin, we eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, röwşen ömri uzak, belent Başy aman bolsun! Ähli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin! Täze ýylymyz düşümli ýyl bolsun!

Merdan Meredow, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary” gazeti

07.01.2021 ý

tags: