Parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan taglymat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilen eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmeginde, Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur».

Hawa, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege özara hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda elmydama esasy orunda goýan ýörelgeleridir. Şol esasdan, halkymyzyň özbaşdak döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagyny parasatly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesiniň dowamat--dowam bolmagy diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Şol esasdan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň ykbalynda şöhratly sene hökmünde taryhyň gatlaryna ebedilik ýazyldy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar edýän taryhy Kararnama kabul edildi. Bu senäniň diňe bir biziň ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň ykbalyna, taryhyna dahylly sene bolman, eýsem-de, bütin Ýer ýüzüniň ýurtlaryna, halklaryna dahyllydygyny aýratyn nygtamak gerek. Sebäbi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-ä agza bolup durýan döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanylypdy we Türkmenistan dünýäde bu abraýly gurama tarapyndan resmi taýdan ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki at-abraýynyň arşa göterilendigine her birimiz şaýat. Ýurdumyza Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine ýigrimi ýyla golaý wagt geçenden soňra, ýagny 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň täzeden makullanylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde uly ähmiýete eýedigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem dünýäniň syýasy giňişliginde uly waka bolup, ol Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy dörediji, dost-doganlyk ýörelgelerini pugtalandyryjy döwlet hökmünde ykrar edilendiginiň ýene bir ýola güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem şol Kararnamadan gözbaş alýar.

Elbetde, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş etmegi asylly däbe öwrüldi. Şol başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylyp gelinýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary bolsa hemişe şu günki günüň ýagdaýlaryna, häzirki döwrüň ýüze çykarýan meselelerine ýüzlenmek bilen, olaryň umumadamzat ähmiýetine eýedigini aýratyn bellemek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň şeýlediginiň nobatdaky gezek tassyklanmasy boldy. Halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri döretmäge, ony ählumumy hem-de sebit derejelerinde berkitmäge ýardam berjek bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny ýene bir gez beýgeldendigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, durmuşa geçirilýän tutumly işleri wagyz etmek, milli Liderimiziň taryhy çykyşlarynda öňde goýýan tabşyryklaryny, görkezmelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny giň halk köpçüligine düşündirmek ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem esasy wezipesi bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir ýylynda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem geçirýän şeýle wagyz-nesihat, düşündiriş çärelerimiz yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Şeýle çärelerde biz bir ajaýyp hakykata öwran-öwran göz ýetirýäris, ol hem buýsanja beslenen şol duşuşyklarymyza, wagyz-‑nesihat maslahatlarymyza gatnaşýan, olarda çykyş edýän dürli ýaşdaky, dürli kärdäki bagtyýar raýatlarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarynyň egsilmezligidir. Şeýle alkyşlar bolsa bu gün her bir türkmenistanlynyň diliniň senasydyr.

Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

27.11.2021 ý

 

tags: