PARAHATÇYLYK, DOST-DOGANLYGYŇ DABARALANMASY

Haýsy döwletde toýlar toýlara ulaşýan bolsa, elbetde, bu şol ýurtda işleriň rowaçdygyndan, zähmet gaýnap-joşup, şonuň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyndan, halkyň agzybirdiginden, jebisdiginden, eşretli, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändiginden nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şeýle döwletdigini biz bu günki gün uly buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyna bolsa Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesine barha golaýlaşylýan häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolup geçýän şatlyk-şowhunly dabaralaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

«2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr» diýip, Arkadag Prezidentimiz nygtap aýdýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet biziň eziz ata Watanymyz Türkmenistandyr we munuň şeýledigi üçin her bir türkmenistanlynyň buýsanjy, guwanjy egsilmezdir. Hawa, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy — Garaşsyz Watanymyzyň taryhyndaky şöhratly sene. Muňa 2020-nji ýylyň 14-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasynyň mysalynda hem göz ýetirmek bol ýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli» diýlip, şol resminamada — Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýär. Ine, şu çözgüdiň özi hem barha golaýlaşýan şanly senäniň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda, taryhynda aýratyn uly ähmiýete, orna eýediginden, şol bir wagtda hem Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlara hemişe döwlet tarapyndan uly hormat-sarpa goýlup gelinýändiginden nyşandyr.

Ýurdumyzyň hem-de milli Liderimiziň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraý-mertebesiniň belentdigine Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi aýdyň güwädir. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä bileleşiginiň öňündäki borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirýändiginiň, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, birek-birege ynanyşmagyň rowaçlanmagyna ägirt uly goşant goşýandygynyň kepili bolup durýar.

Nurbibi Dädebaýewa, TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

24.11.2020 ý

tags: