Parahatçylykly syýasat dabaralanýar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan daşary syýasat ugry döwlet Baştutanymyzyň — Arkadagly Serdarymyzyň dowam etmeginde ösüşiň hil taýdan täze belentliklerine göterilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge niýetlenen “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň, Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini durmuşa geçirmäge, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara gatnaşyklarynyň durnukly ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary giň gerimli gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň netijeli halkara gatnaşyklarynyň ýoly bilen üstünlikli durmuşa geçýändiginiň subutnamasy boldy. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugruny kesgitledi.

Häzirki wagtda biziň Garaşsyz döwletimizde ata-babalarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, asudalyk baradaky arzuw islegleri hasyl bolýar. Birleşen Milletler Guramasynda 2023-nji ýyly halkara derejesinde “Dialog —parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hemde Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Bütin dünýäde parahatçylygyň we abadan durmuşyň gülläp ösmegi ugrunda tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

Bazargeldi Çaryýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

21.07.2022 ý

 

tags: