PARASATLY DAŞARY SYÝASATYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ynha ýakynda hem ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamasy kabul edildi.

Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda dünýäniň 193 döwletiniň biragyzdan goldamagynda we 48 döwletiniň awtordaşlyk etmeginde bu Kararnamanyň kabul edilmegi häzirki wagtda bütindünýä koronawirus pandemiýasyna garşy alnyp barylýan işlerde öz onuň  netijesini berer. Şeýle hem bu resminama dünýä ýurtlarynda uzak möhletleýin maksatnamalary iş ýüzünde amala aşyrmaga, ulag ulgamynda derwaýys meseleleri oňyn çözmäge hem-de halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge giň mümkinçilikler berer.

Arkadag Prezidentimiziň adalatly belleýşi ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara ähmiýetli bu resminamasynyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda kabul edilmeginde hem aýratyn uly many bar. Çünki bu waka  Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ýokary netijeliligini ýene bir gezek subut edýär. Arkadag Prezidentimiziň parasatly, parahatçylyga, ynsanperwerlige ýugrulan içeri we daşary syýasaty, şol sanda ulag diplomatiýasy ilkinji nobatda Türkmenistan döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaý derejesini barha ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň  dünýäniň syýasy-ykdysady gatnaşyklaryna has işjeň goşulmagyny gazanmaga, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbitlerine gönükdirlendir.

Bagtyýarlyk zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy öňde goýuldy. Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatyňyzyň netijesinde, bagtyýarlyk zamanamyzda bu wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe iri ulag taslamalary durmuşa geçirilýär, ulag amatlyklarynyň bar bolan desgalarynyň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak işjeň amala aşyrylýar, ýük we ýolagçy ulaglary täzelenýär, halkara ulag geçelgelerini emele getirmek dowam edýär. Taryh  üçin gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň, paýtagtymyzda, Türkmenabatda, Kerkide halkara howa menzilleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan ägirt uly işleri üçin Arkadag Prezidentimize tükeniksiz alkyşlar aýdýarys!

Gahryman Arkadagymyzyň ulag diplomatiýasy durnukly ösüşi üpjün etmäge itergi berýän möhüm şertleriň biri bolup, dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, onuň ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikleri bardyr. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanylan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ulag ulgamy hem Birleşen Milletler Guramasy, onuň Ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary we netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 69-njy mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa üçünji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 95-nji mejlisinde  şu Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýakyn wagtlarda Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Has takygy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, sebitiň zenanlarynyň dialogy, milli önümleriň halkara sergisi, milli tagamlaryň festiwaly, sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler.

Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly bu çäreleriň döwletara gatnaşyklary hem-de ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňelmäge we Eziz Diýarmyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga oňyn ýardam eder.

Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap  döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Il-ulsumyzyň aladasyny edip, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan tutumly işleri, taýsyz tagallalary üçin, Mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw  edýäris!

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU - ŞAHU JAHAN” gazeti

05.08.2021 ý

 

 

tags: