RAÝAT JEMGYÝETINI BERKARAR ETMEKDE KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ ORNY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolandan kän wagt geçmänkä kabul edilen Konstitusiýa ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açdy.

Berkarar döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna esaslanýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alýan kanunlar kabul edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylda geçirilen ikinji mejlisinde taryhy çykyş edip, Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek barada öňdengörüjilikli teklibi orta atdy. Şonuň bilen baglylykda, Konstitusion topary döretmek barada Permana gol çekdi. Munuň özi, hakykatdan hem, şeýle kadalaryň Esasy Kanunymyza girizilmegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny has ýokary derejä çykarar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär we dürli edara-kärhanalardan, guramalardan, raýatlardan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleriň gelmegi dowam edýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, hukuk goraýjy we harby edaralar, degişli ministrlikler we pudak edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ysnyşykly hereket edilmeginiň netijesinde amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlary, Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde: “Konstitusion topara gelip gowuşýan köpsanly teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, biz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, maksadalaýyk bolar diýen netijä geldik” diýen paýhasly sözleri ýurdumyzyň her bir raýatynda, tutuş halk köpçüliginde giň goldaw we uly seslenme tapdy. Amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň giň goldawa eýe bolýandygyna, Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň metbugatda çap edilen taslamasynyň halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredip, ony ara alyp maslahatlaşmak işine raýatlarymyzyň buýsanç, çäksiz söýgi we ynam bilen gatnaşýandyklaryna geçirilýän maslahatlarda, ýygnaklarda, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde doly göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwletiň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda döwletiň ýöredýän syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezýän kadalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda beýan etmek barada birnäçe parasatly pikirleri öňe sürýär. Olaryň düýp mazmuny döwletiň adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirýändigi, ähli halkyň abadançylygyna durnukly ösüşi üpjün edýändigi barada kadalarda jemlenýär. Milli Liderimiziň parasatly syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň deň derejede ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli işgärleri we işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň töweregine has mäkäm jebisleşip, aýdan her bir mukaddes sözüni, parasatly syýasatyny we alyp barýan belent işlerini janymyz-tenimiz bilen goldajakdygymyza, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere işjeň gatnaşyp, konstitusion özgertmeleri geçirmegiň düýp mazmunyny, maksadyny hem-de wezipelerini ilata düşündirmekde öň hatarda boljakdygymyza ynandyrýarys.

Pursatdan peýdalanyp ähli ösüşlerimiziň, özgerişlerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik maksatly tutumlarynyň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Nebit-gaz” gazeti.

 

tags: