Ýürekleriň aýdymy

Halkymyzyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirkizaman aňlatmasy bolan türkmen Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistany sebitde we dünýäde möhüm syýasy merkeze öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň we oňyn özara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp öňe sürýän ilhalar başlangyçlary-da ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Türkmen Bitaraplygy diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmegiň-de guralyna öwrüldi. Şeýle belent maksatlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmagy bolsa Ýer ýüzüniň halklaryny birleşdirip, röwşen geljegi berkarar etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýylyň-ýylyna Watanymyz dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny belent derejelere çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde syýasy wakalara baý bolan üstümizdäki — 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana belent ynam bilen garaýandygynyň subutnamasy boldy.

Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagyna çäksiz buýsanýar. Şol belent buýsanç bolsa bizi hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşdirýär. Milli Liderimiziň bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen syýasatyny halk köpçüligine giňden wagyz-ündew etmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Şu maksat bilen biz partiýamyzyň öňünde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşip, ilat arasynda dürli syýasy çäreleriň guralmagyna giň ähmiýet berýäris. Raýatlarymyzyň syýasy düşünjeliligini ýokarlandyrmak, kabul edilýän resminamalaryň ähmiýetini halkyň arasynda düşündirmek maksady bilen geçirilýän çärelerde halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli özgertmeler dogrusynda buýsançly çykyşlar edilýär. Halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi arzuw edýäris.

Saýýara Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Türkmen gündogary” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: