ROWAÇ MENZILLER

Mukaddes Garaşsyzlyk we sebit syýasaty: Balkan welaýaty

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň barşy bilen ýakyndan tanyşmak üçin Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň barşynda welaýatyň Garabogaz aýlagynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de şäherde alnyp barylýan gurluşyklarda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak wezipelerini durmuşa geçirmekde Balkan welaýatyna hem möhüm orun degişlidir. Bu sebit howa we tebigy aýratynlyklary, geografik ýerleşişi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpugurly ýataklary, olary senagat taýdan özleşdirmäge bolan amatlyklar, şypahana dynç alşyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tanalýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Garabogaz şäherindäki «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, Serdar şäherindäki dokma toplumy, wagon abatlaýjy kärhana, Bereketdäki demir ýol deposy, ýod önümçiligi kärhanasy, tikin fabrigi, Balkanabatdaky sement zawody, «Batly gadam» hususy kärhanasy, Jebel şäherçesindäki bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumy, Esenguly, Bereket we Serdar şäherlerindäki çeper halyçylyk kärhanalary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän düzümler we köp sanly beýleki önümçilik pudaklary bu sebitiň, hakykatdan hem, güýçli senagatlaşandygyna güwä geçýär.

Bagtyýar zamanamyzyň hözirini görýän balkanlylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde halal we döredijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda belent sepgitleri nazarlaýarlar. «Balkan welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» sebitiň ösüşleriniň mynasyp dowamatynyň nyşanydyr. Sebitleýin Maksatnama laýyklykda, welaýatyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary yzygiderli we ygtybarly ornaşdyrmagyň hasabyna 2025-nji ýyla çenli gaz kondensatly nebitiň çykarylyşynyň möçberini 10,6 million tonna, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini 11 milliard kub metre, eksporta niýetlenen polietileniň möçberini bolsa 386 müň tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzininiň öndürilişi 29,1 göterim, dizel ýangyjynyňky 20,4 göterim, çalgy ýaglarynyňky bolsa 3 esse köpeler. 2025-nji ýylda sebitde öndüriljek tehniki ýoduň möçberi 1 müň 30 tonna, brom we brom önümleriniňki 9 müň 850 tonna, kaustik sodanyňky 15 müň tonna, hlor we hlor önümleriniňki bolsa 13,5 müň tonna barabar bolar.

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çäginde sement we aýna çig malyny, örtgülik materiallary we beýleki gurluşyk önümlerini öndürmek üçin ýeterlik serişdeleriň uly gorlarynyň bolmagy 2025-nji ýyla çenli magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň has-da artdyrylmagyna mümkinçilik berer. «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygyny 120 MWt utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň netijesinde, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi 2025-nji ýylda 7,7 milliard kilowatt-sagada ýetiriler.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, diňe bir ýurt ýa sebit däl, eýsem, yklym möçberinde hem möhüm taryhy waka boldy. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transkontinental ulag geçelgesi, islendik görnüşdäki uçarlary kabul edip bilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili, şeýle hem polat ýollaryň möhüm şahasy hem hut şu sebitde jemlenýär. Bu bolsa sebitiň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini artdyrmakda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmekde hem-de olary netijeli peýdalanmakda, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryny goýnunda jemleýän welaýat diňe bir senagatlaşmakda däl, eýsem, oba hojalygy babatda-da düýpli ösüşlere eýe bolýar. Sebitde öndürilýän ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň möçberleri, olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenilip, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirilişi hem ýylsaýyn artýar. Welaýatyň ýaşaýjylary et, süýt, ýumurtga, gök önümler, miwelerdir ir-iýmişler bilen ygtybarly üpjün edilýär. Telekeçiler tarapyndan gurlup, işe girizilýän ýyladyşhana hojalyklary sebitiň ýaşaýjylaryny ýylyň tutuş dowamynda ter gök önümler bilen elýeterli bahadan we ygtybarly üpjün edýär. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda welaýatdaky suwarymly ýerleriň meýdany 104 müň gektardan hem geçer.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Balkan welaýatynda senagat ýa-da durmuş maksatly täze binalaryň gurulmadyk obadyr şäherleri ýok diýen ýaly. Şol desgalaryň her biri bu gün ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşup, sebitiň ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga ýardam berýär. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda welaýatda bir köpugurly hassahanany, bir saglyk öýüni, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 21-sini, umumy orta bilim berýän mekdepleriň 33-sini, medeniýet öýleriniň 4-sini hem-de onlarça müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, şonuň ýaly-da, hassahanalaryň 4-siniň we saglyk öýleriniň 7-siniň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.

Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä jahankeşdeliginiň we sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýär. Onda adamlara syýahatçylyk we sagaldyş hyzmatlaryny halkara ülňülerine doly laýyk gelýän görnüşde ýola goýýan toplumlary bolan myhmanhanalaryň ençemesi hem-de döwrebap şypahana bar. Bu zolak gysga wagtyň dowamynda diňe bir sapaly dynç alşyň däl, eýsem, sebit we dünýä möçberindäki ýokary derejedäki resmi duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, sport bäsleşikleriniň, festiwallaryň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän mesgenine öwrüldi. Welaýatymyzyň çägindäki Ýasga ýerasty köli, Maşat-Misserian düzlügindäki Dehistan döwlet taryhy ýadygärlikler toplumy, Parawbibi mawzoleýi, Mollagara köli, Magtymguly etrabyndaky taryhy ýadygärlikler, Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köli, Uly we Kiçi Balkan daglarynyň, Köpetdag dag gerişleriniň goýnundaky tebigy ýerler syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Agzybirligiň, zähmetsöýerligiň, ruhubelentligiň mesgeni bolan welaýatymyzda sagdyn durmuş ýörelgesi günsaýyn rowaçlyklara beslenýär. Welaýatyň medeniýet öýleri, kitaphanalary, seýilgähleri adamlaryň ruhuny galkyndyrmaga, stadionlardyr açyk we ýapyk sport desgalary bolsa ýaşlaryň hem-de ulularyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde TDP-niň Balkan welaýat komiteti netijeli işleri yzygiderli alyp barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Balkan» welaýat gazeti bilen bilelikde «Garaşsyzlyk — halkymyzyň bagt daňynyň atany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly bäsleşigi yglan etmegimiz hem muny aýdyň görkezýär. Şu bäsleşigiň çäginde çap edilýän makalalardyr goşgularda ata Watanymyzyň gazanýan dünýä nusgalyk üstünlikleri beýan edilýär. Bu gün welaýat boýunça jemi 780-den geçýän partiýa guramalarymyzdaky agzalarymyzyň sany 27,5 müňden gowrak bolup, olar önümçiligiň we medeni-durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda göreldeli işleri alyp barýarlar.

Hawa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň merdana hem agzybir halkymyza eçilen eşretleriniň hözirini görýän Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary hem ähli ildeşlerimiz bilen birlikde, şanly toýa — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna belent ynam bilen barýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylýan rowaçlyklar olaryň ruhubelentliklerine ruhubelentlik, buýsançlaryna buýsanç goşup, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geljek günleriň has-da bagtyýar boljakdygyna bolan ynamlaryny artdyrýar.

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

08.07.2021 ý

 

tags: