Rowaç gadamlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan guwandyryjy netijeler, ýetilýän belent sepgitler bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Garaşsyzlygymyzyň taryhyny bezär. Çünki döwlet durmuşynyň islendik ugry boýunça gazanylýan üstünliklerdir ýeňişler bize şeýle diýmäge doly esas berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan diňe bir içeri syýasaty däl, eýsem, belent ynsanperwerlik ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty bilen-de bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Muňa hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit hem-de dünýä ýurtlary bilen yzygiderli giňeýän ykdysady, medeni, ynsanperwer ulgamlardaky barha pugtalanýan hyzmatdaşlygy hem güwä geçýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen jebis gatnaşyklary hem-de köpugurly hyzmatdaşlyklary saklamagy bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini barha belende göterýär. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak ugrundaky öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli forumlar, halkara maslahatlar ýokary derejede geçirilýär. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle-de 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammiti parahat hem durnukly ösýän ata Watanymyzyň barha artýan halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri syýasaty netijesinde amala aşyrylýan ägirt işler «Sanasaň, sogaby bar» diýleni. Bütin dünýäde ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi, gurlup, ulanmaga berilýän, düýbi tutulýan iri desgalaryň köplügi hemmeleri haýrana goýýar. Anyk maglumatlar hökmünde ýurdumyzyň diňe şu ýylyň alty aýynyň köpugurly içerki ösüşlerini ýatlasak hem, Türkmenistanyň dünýäniň aglaba döwletine nusga bolup biljekdigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, şol sanda Daşoguz welaýatyna bolan toý saparynyň çäklerinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň täze döwrebap binalaryny açyp, ulanmaga bermegi «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen buýsançly sözleriniň hakykatdan-da durmuşumyzda mynasyp orun alýandygynyň subutnamasydyr.

Bu gün ýurdumyzyň her bir raýaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyna öz durmuşynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýär we baky bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Halkymyzy bedew bady bilen röwşen günlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

 “Watan” gazeti

09.08.2022 ý

 

 

tags: