Rowaç syýasatyň wagyzçysy

Milli Liderimiziň gurmak, döretmek, bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmek baradaky tagallalary bütin halkymyzy bagtyýarlyga eýe edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wagyz-nesihat etmekde, olaryň düýp mazmunyny halka düşündirmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähmiýeti uludyr.

Öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, partiýanyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredildi. Ol erkin, syýasy partiýa bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny, şol syýasatdan gelip çykýan her bir beýik işlerini halkyň arasynda wagyz-nesihat etmekde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny çuňňur düşündirip, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin asudalygyň, abadançylygyň ähmiýetini açyp görkezmekde işjeň çykyş edýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döwlet bilen halkyň arasynda baglaýjy halka bolup, jemgyýetiň agzybirliginiň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna Watanymyzyň bähbitlerini gorap çykyş edýändigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen hem ysnyşykly gatnaşyklary alyp barmak arkaly eziz Diýarymyzda möhüm ähmiýetli wezipäni amala aşyrýar. Taryhdan hem mälim bolşy ýaly, türkmenleriň döreden we dolandyran döwletleriniň ählisinde demokratiýa uly ähmiýet berlip, şonuň netijesinde bolsa daşary syýasat bilen birlikde, ýurduň içerki işlerinde-de parahatçylyk we asudalyk gazanylypdyr. Bu hem öz gezeginde türkmen döwletleriniň dünýä derejesinde has-da rowaçlanmagyny üpjün edipdir. Öz düzümine girýän agzalarynyň her biriniň giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli adamlar bolmagyny gazanýan TDP halkyň jebisligi, ýurdumyzyň ösmegi we asudalygy ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berýär.

Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň häzirki döwürdäki esasy wezipeleri milli Liderimiziň alyp barýan adyl hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekden, kabul edilýän döwlet Maksatnamalarynyň many-mazmunyny açyp görkezmekden, olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýle-de bu partiýa öz hatarlarynyň üstüni sagdyn pikirli agzalar bilen doldurmak arkaly ýaş nesillerde watançylyk, zähmetsöýerlik, ata-babalarymyzdan gelýän edermenlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary ornaşdyrmak üçin uly tagallalary edýär.

Ýurdumyzyň halkara derejesindäki şan-şöhratyny barha beýgeldýän we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Tahyr Öwezow, TDP-niň Serdar şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

07.12.2021 ý

 

tags: