RUHY GYMMATLYKLARYMYZA EÝERIP

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagyny düýpli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna işjeň taýýarlyk görülýän häzirki döwürde mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap binalar açylyp ulanylmaga berilýär. Bu şatlykly wakalar baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniňki bilen deňleşendigini äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyranda halkymyz ýene-de bir şatlykly taryhy wakanyň şaýady boldy. Şol gün Balkan dagyny etekläp oturan şäheriň köçeleridir şaýollaryna aýratyn öwüşgin çaýyldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Balkanabat şäheriniň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän täze gurlan Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bina edilen täze ruhy ojagy milli gurluşygyň däplerini we dünýä tejribesinde täze gazanylanlary özünde jemlän binagärligiň merjeni diýip atlandyrmak bolar.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde demokratiýa ýylsaýyn dabaralanýar, raýat agzybirligi pugtalanýar, adamlaryň hukuklary we azatlyklary goralyp, isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Her bir adam erkin, azat döredijilikli zähmet çekip, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Balkan welaýatynda täze metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýarlyk döwründe adamlaryň, jemgyýetiň erkinligini, azatlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Täze metjidiň eýeleýän meýdany 14 gektardan gowrak bolup, onuň binasy iki gatdan ybaratdyr. Onda bir wagtyň özünde 3000 adam namaz okap bilýär. Metjidiň minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre barabardyr. Onuň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga guruldy.

Welaýat merkeziniň görküne görk goşýan welaýatyň baş metjidiniň daş-töweregi abadanlaşdyrylan. Ajaýyp metjit özüniň diňe binagärlik keşbiniň bezelişi bilen däl, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelmegi bilen hem gözüňi dokundyrýar. Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň 3 müň düýbi, gyrymsy agaçlaryň 10 müň düýbi oturdyldy. Damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarýan ulgam göz öňünde tutuldy. Agşamlaryna bolsa metjit özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýýar. Sahawatly Balkan topragynda täze metjidiň açylmagy ýurdumyzda wyždan azatlygynyň dabaralanýandygynyň, gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Balkan welaýatynyň baş metjidi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylary tarapyndan döwrebap we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda bina edildi. Ol Balkanabadyň gözel künjekleriniň gözellikleriniň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy hem-de Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň dabaralanmasy bolup, kalbymyzdaky buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy. Goý, milli däp-dessurymyzy, pederlerden gelýän ýol-ýörelgeleri dowam etdirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

02.12.2020 ý

 

tags: