Ösüşiň demokratik ýoly bilen

Eziz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda gazanylýan üstünlikleriň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin onçakly uzak bolmadyk döwürde Diýarymyz ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýermek bilen, dünýä jemgyýetçiligine özüniň deňhukuklylyga, dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut etdi we sanlyja ýylyň içinde halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Özygtyýarlylyga eýe bolan döwletimizde jemgyýetçilik aňyny, syýasy we demokratik ýörelgeleri kemala getirmek hem-de öňde duran ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelere partiýa agzalarymyz-da işjeň gatnaşyp gelýärler. Biziň baş wezipämiz döwletimiziň ynsanperwer we parahatçylyksöýüjilikli daşary we içeri syýasatyny wagyz-nesihat etmekden, ony giň halk köpçüligine düşündirmekden, jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini berkitmekden, raýatlaryň syýasy-jemgyýetçilik düşünjeliligini, işjeňligini ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle maksat-niýetler bilen biz edara-karhanalar, beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris.

Ýurdumyzda hereket edýän partiýalaryň öz işlerini hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda guramaklary guwandyryjy netijeleri berýär.

Jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşykly dowam etdirmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işiniň nusgalykdygy bellärliklidir. Çünki Garaşsyz döwletimiziň emele gelmegi bilen baglanyşykly ähli meselelerde döwletiň içeri we daşary syýasatyny halka wagyz etmek ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň üstüne düşýär.

Döwlet bilen jemgyýetiň berk sazlaşygy demokratik ösüşiň esasy binýadydyr. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda guramak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň giňden düşündirilmegine, wagyz edilmegine, üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermegi özüniň baş wezipesi hasaplaýar. Partiýamyz döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky jebisligi, agzybirligi berkitmek bilen, Watanymyzyň bähbitlerini gorap çykyş edýär. Şeýle hem agzalarymyz ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer we ruhubelent adamlar edip ýetişdirmek, ilatyň syýasy düşünjeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda sazlaşykly işleri alyp barýarlar.

Welaýat komitetimiziň işjeň agzalary-da durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik özgertmelere, il-ýurt bähbitli tutumly işlere ýakyndan gatnaşmak, bu babatda öňdäki hatarlarda bolmak bilen, özlerine bildirilýän ynamyň hötdesinden gelýärler. Şu jähtden, partiýamyza agzalyga kabul edilýänleriň sany-da ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda welaýat komitetimiz öz hatarlarynda 1 sany şäher, 10 sany etrap partiýa komitetlerini we jemi 54736 agzany birleşdirýän 1272 sany ilkinji partiýa guramasyny jemleýär. Partiýa hatarlaryny ösdürmekde, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda, zähmet toparlarynda täze partiýa düzümlerini döretmekde nusgawy işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilenine 30 ýyl dolýar. Partiýamyz tarapyndan ýola goýlan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Biz mundan beýläk-de jemgyýetimizde raýat bitewiligini pugtalandyrmakda, halk bähbitli özgertmeleri dowam etdirmekde öz öňümizde duran wezipelere jogapkärçilikli çemeleşeris. Jemgyýetimizde agzybirligi üpjün etmekde, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatyny halka düşündirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde döredijilikli zähmetimizi gaýgyrmarys. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzy belent derejelere ýetirmek ugrundaky beýik maksatlaryny ak ýürekden goldap, hemişe jemgyýetiň sazlaşdyryjy güýji bolmaga, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky ägirt uly tutumly işlerde öň hatarlarda hereket etmäge çalyşarys. Bize eşretli zamanany, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Merdan Dosmedow,Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Türkmen gündogary” gazeti

02.12.2021 ý

 

tags: