Ösüşler kalplary joşdurýar

Berkarar Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlere beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly biri-biri bilen utgaşyp gelýän şatlykly wakalar bilen göwünlerimizi galkyndyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden bellenilip geçilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüş-özgerişleriň mekanyna öwrülen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de ynsan mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny Ýer ýüzüne äşgär etdi.

Eziz Watanymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin onçakly uzak bolmadyk döwürde ata Watanymyz ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny subut etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary tarapyndan dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen kabul edilen il-ýurt bähbitli maksatnamalar, adam hakyndaky alada ýugrulan Kararlarydyr Permanlary tutuş halkymyzy uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki şeýle asylly çözgütler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli ösüşleri gazanmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda örän möhümdir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatyny, asylly başlangyçlaryny wagyz etmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçiryär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ýerli guramalar tarapyndan dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar.

TDP-niň işjeň agzalary mundan beýläk hem milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar. Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek, bagtyýar şu günümiz hem-de röwşen geljegimiz ugrunda irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

19.10.2021 ý               

tags: