Ösüşlere beslenýän sebit

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly ösüşleriň ýylyna öwürýär. Bu ajaýyp künjegiň her bir ýaşaýjysy mähriban Watanymyzda ähli babatlarda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere gönüden-göni dahyllydyklaryna buýsanyp, merdana halkymyza şeýle bagtyýar günleri peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýdýar.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda amala aşyrýan ägirt uly özgertmeleri hem-de gazanylýan netijeler bilen tutuş dünýäde nusgalyk döwlete öwrülýän ýurdumyzyň Balkan welaýatyny gysga wagtyň dowamynda güýçli depginlerde ösdürmäge aýratyn üns bermeginde çuňňur many-mazmun bar. Çünki Hakdan halatly eziz Arkadagymyz ýurdumyzyň häzirki we geljekki ykdysady, syýasy hem-de medeni-durmuş ulgamlardaky ösüşlerini Diýarymyzyň Günbatar sebiti bilen berk baglanyşdyrýar. Sebäbi gözbaşyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň uly möçberlerdäki gorlaryna eýedir. Şonuň ýaly-da, bu sebit geografik ýerleşişi babatda amatly bolup, dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we awtomobil ýollaryny, uglewodorod serişdelerini akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileri hem özünde jemleýär.

Welaýatda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderili ösüşlere ygtybarly ýaran etmek üçin giň mümkinçilikler toplanandyr. Diňe Garabogazköl aýlagynyň özi hem sözüň doly manysynda, hazynalar mesgenidir. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklaryň biridir. Diýarymyzda ýeriň jümmüşinden alynýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köpüsi, şonuň ýaly-da, nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň uly möçberleri hem şu mekana degişlidir.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutuş ýurdy senagatlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň şu sebitde öz mynasyp çözgüdini tapýandygyny aýdyň görmek bolýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda täze gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, Demirgazyk — Günorta transkontinental demir ýol geçelgesi, Gündogar — Günbatar magistral gaz geçirijisi, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyry, Esenguly, Serdar we Bereket etraplaryndaky çeper halyçylyk kärhanalary, Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap fabrikler toplumy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky häzirki zaman desgalary, ýangyç-energetika ulgamynda işe girizilen dürli maksatly önümçilik toplumlary Jebel şäherçesindäki «Balkan» sement zawody, şäherlerdäki we etraplardaky demir ýol, howa, awtoulag menzilleri... hem munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Balkanabatdaky döwlet drama teatry, welaýat kitaphanasy, Bagt köşgi, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, «Türkmeniň ak öýi» binasy, on müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadiony bolan sport toplumy, şäherlerdäki, etrap merkezlerindäki we obalardaky döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeni ojaklar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler bu gün ýurdumyzyň Günbatar sebitini nurana keşbe getirýär.

Bu gün Türkmenistan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag we logistika ulgamynda halkara derejesindäki gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletleriň we sebitleriň ykdysady hem-de syýasy talaplaryny üpjün edip bilýän, yklymara giňişlikleri birleşdirip, döwletleriň strategik bähbitlerini sazlaşdyrýan, tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini artdyrýan, haryt dolanyşygyny ösdürýän kuwwatly geosyýasy ösüşiň möhüm şertleriniň biridir.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa berilmegi, diňe bir ýurt ýa sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä möçberinde hem, sözüň doly manysyndaky, taryhy waka bolupdy. Hazaryň kenaryndaky Halkara deňiz porty bu sebitiň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini güýçlendirmekde, möçberlerini artdyrmakda, ýolagçylary gatnatmakda, ýükleri daşamakda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmekde hem-de olary netijeli peýdalanmakda, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ine, 10-njy noýabrda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň we Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglary abatlaýyş, okuw we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň adybir şäherçesinde bina edilen bäbekhanaly 50 orunlyk köpugurly hassahana we 30 orunlyk saglyk öýi hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilen ýylynda ulanyşa berlen desgalaryň üstüni ýetirdi. Bu desgalar sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz milli Liderimiziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny halk arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnyklarymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekýäris. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-den gowragy göreldeli işleri alyp barýar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sanynyň otuz müňe golaýlaýandygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen çäklenmän, Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk işlerini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Balkan welaýatynda üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler baradaky söhbeti buýsanç bilen dowam etdirmäge mysallar başga-da az däl. Iň esasy-da, olaryň her biriniň berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilýänligidir. Ine, şu beýik hakykat üçinem welaýatymyzyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýdyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýarlar.

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

11.11.2021 ý

 

tags: