ÖSÜŞLI ÝOLLARA TARAP

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy waka boldy. Maslahatda döwletimiziň, jemgyýetimiziň berkararlygynyň sarsmaz sütüni bolan Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek boýunça degişli möhüm çözgütler kabul edildi.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny umumy milli forumda kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu kanunda okgunly ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, bäsdeşlige ukyply döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläkde berkidýän, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatynyň öz beýanyny tapandygy bellenildi.

TDP-niň Mary şäher komitetiniň işgärleri bolup, işjeň agzalarymyz bilen bilelikde ilkinji partiýa guramalarymyzda we beýleki edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, harby bölümlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde Milli Liderimiziň eden taryhy çykyşyndan we kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmekligi ýörite meýilnama esasynda, döwrüň talabyna laýyklykda alyp barýarys. Öz halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

21.11.2020 ý

tags: