Ösüş-özgerişlikleriň ýurdy

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem amala aşyrylýan beýik işler, ýylyň-ýylyna gurlup, işe girizilýän dürli önümçilik, medeni-durmuş maksatly täze binalardyr desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary muňa doly şaýatlyk etmek bilen, döwletimiziň depginli ösüşlerini aýdyň görkezýär.

Arkadagly Serdarymyzyň jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryny halky köpçüligine düşündirmek, halkymyzy döredijilikli, öndürijilikli hem-de netijeli zähmete ruhlandyrýan giň gerimli, döwletli tutumlary wagyz etmek, syýasy-düşündiriş işlerini alyp barmak ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipeleridir. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşlerini açyp görkezmäge gönükdirilen dürli derejeli çärelerimizde şeýle asylly maksatlar mynasyp beýanyny tapýar. Edara-kärhanalarda, guramalarda, bilim ojaklarynda, saglyk öýlerinde zähmet çekýän adamlar bilen yzygiderli guralýan duşuşyklaryň oňyn netijeleri berýändigini, geçirilýän çärelerde halkymyzyň baky bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri bitirýän hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözleriniň öwran-öwran aýdylýandygyny bellemek bolsa aýratyn ýakymlydyr.

Şamyrat Akmämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar etrap komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

21.07.2022 ý

 

tags: