SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!..

Saglyk adamyň bedeniniň we ruhunyň kadaly ýagdaýydyr. Bu barada köp ylmy, edebi-taryhy çeşmelerde maglumatlar berilýär. Gadymy Gippokratdan bäri häzirki döwre çenli gelip ýeten maglumatlara görä adamyň saglygyna esasy täsir edýän zatlar durmuş aladalary, howa, iýmit we ukudyr. Adam tebigatynyň ýaradylyşy boýunça durmuşyň ownuk hysyrdylaryndan, dawa-jenjelden daşda dursa, gowy kitap okasa, saza, söhbete, şahandazlyga, süýji uka berilse, özüni rahat duýar.

Howa şertleri hem adamyň saglygyna täsir edýän möhüm faktorlaryň biridir. Arassa howa, dürli beden maşklary, suwa düşmek, pasyla görä geýinmek saglygyňa oňyn täsir edýär. «Adam görki agyzdan» diýlişi ýaly, arassa, täze we ýokumly iýmit önümleri bilen iýmitlenmek hem ýaşaýşyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Biziň her birimiz bu durmuşda sagdyn boljak bolsak, özara gatnaşyklarymyzda hem ynsaply, hoşniýetli, ýokary medeniýetli, ynsan diýen belent ada mynasyp bolmalydyrys.

Saglyk sag adamlaryň depesindäki altyn täçdir. Gündogaryň meşhur alymlary Ibn Sinanyň (Lukman Hekimiň), Muhammet Gaýmazyň, «Kowusnamada», beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ynsan saglygyny goramak, tebipçilik barada köp peýdaly maglumatlar berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ylmy, edebi eserlerinde hem saglyk meselesi öň hatarlarda durýar. Ýurdumyzyň bereketli topragynda bitýän müň derde derman ösümlikleriň, çaýyň, nazy-nygmatlaryň peýdasy barada aýratyn nygtalyp geçilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilata elýeterli saglyk hyzmatlaryny etmekde, bejeriş-öňüni alyş çärelerini geçirmekde döwlet derejesinde alada edilýär. Halkymyzyň saglygy üçin tagalla edýän mähriban Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys.

Annageldi Taýlyýew, TDP-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

 

tags: