SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn ekologiýa syýasaty, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny we gözelliklerini gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri netijesinde, Türkmenistanyň gözelligi hem-de hoştap howasy kalbyňy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň ekologiýa derejesi, tämiz, ajaýyp howasy adamlaryň ruhuny göterýär. Şunuň ýaly ajaýyp pursatlarda welosiped sürmek ynsan üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek barada uly aladalar edýär.

Ýurdumyzda sportuň ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sportuna uly üns berilýär. Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, sportuň bu görnüşine höwesek ýaşlaryň sany has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda, 3-nji iýun — «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Ak şäherimiz Aşgabatda Welosiped binasynyň gurulmagy şu şanly sene bilen baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda anyk we yzygiderli işler amala aşyrylýar, hususan-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça umumy milli spartakiadalar hem-de halkara ýaryşlar guralýar, köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirilýär, sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek halkymyzyň gadym döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgelerden ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da göterip, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär. Welosiped sportunyň tarapdarlarynyň we oňa eýerýänleriniň sany ýyl saýyn artýar. Munuň özi sagdyn jemgyýetiň döredilmegini şertlendirýär. Welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Çünki welosiped sürmek adamlaryň saglygyna, özlerini duýuşlaryna, şähdaçyklygyna oňyn täsir edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň sagdynlygyň ýurdy we sport döwleti hökmünde abraýyny has-da artdyrýar. Bu işleriň göz başynda durýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt, dünýä ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Seýilbaý Dädişow, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

03.06.2021 ý

 

tags: