SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINE EÝERIP

Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulyp, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri özleriniň hünär baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarlar.

Gahryman Arkadagymyz bu ulgamyň işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi üçin uly tagallalary edýär. Bu günki gün ýurdumyzyň çar ýanynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalar iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen şypahanalar, hassahanalar, kliniki merkezler, saglyk öýleri gurlup, halkymyza hyzmat edýär. Olarda zähmet çekýän lukmanlardyr şepagat uýalary özleriniň ukyp-başarnyklary bilen Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen geçen 25 ýylyň içinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramakda uly özgerişler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň täze bir nusgasy kemala geldi. Döwlet Baştutanymyz her bir çykyşynda saglygy goraýyş ulgamy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli öňe sürmek bilen, halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarymyzyň beden hem ruhy sagdynlygyny üpjün etmek, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda döredilen ajaýyp mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak, bu ugurda anyk netijeleri gazanmak, arassaçylyga gözegçilik etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty ösdürmek barada anyk wezipeleri kesgitleýär. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän lukmanlaryňdyr şepagat uýalarynyň yhlasly zähmet çekmegini, halkyň goragynda sak durmaklaryny gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini goldamak maksady bilen gol çeken resminamalary hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýokary üns alada bilen gurşalyp alnandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu kararlar saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň göwnüni galkyndyryp, olary halkymyzyň abadançylygy ugrunda mundan beýläk hem päk ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we şäher komitetleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny halkyň arasynda giňden wagyz etmekde, kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde alnyp barylýan işleri, ýetilen belent sepgitleri giň halk köpçüligine ýetirmekde möhüm orny eýeleýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer şygardan ugur alnyp durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanyp, TDP-niň welaýat we şäher komitetleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Tejribeli lukmanlaryň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda ilatyň arasynda yzygiderli geçirilýän duşuşyklarda paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň giň toplumynyň döredilmegi hem-de ähli ugurlar bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamyndaky haýran galdyryjy özgertmeler, ornaşdyrylýan täzeçillikler, olaryň ähmiýeti, ähli halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi babatynda düşündiriş işleri geçirilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen 9 aýynyň dowamynda TDP niň wekilleri bilen saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda «Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda ýetilen belent sepgitler», «Watanymyzda sagdyn durmuş — ýörelge, her bir işde Arkadagymyz görelde», «Türkmenistan sagdynlygyň mekany» ýaly şygarlar bilen wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ençemesi geçirildi. TDP-niň welaýat we şäher komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda TDP-niň Syýasy Geňeşi tarapyndan taýýarlanylýan telegepleşiklerde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan pähim parasatly içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň gülläp ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada yzygiderli çykyş edýärler. Mundan başga-da, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda «Zyýanyň ýarysyndan gaýtmagam peýda», «Sagdyn nesil biziň geljegimizdir», «Pis pişeden daşda dur» diýen şygarlar bilen öwüt ündew maksatly duşuşyklary geçirmek hemde zyýanly endikleriň adam bedenine ýetirýän zeleli baradaky çaklaňja kitapçajyklary ýaýratmak işleri giňden ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr» diýen sözlerinden ugur alyp TDP-niň welaýat we şäher komitetleri saglygy goraýyş müdirlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara kärhanalarda, ýaşaýyş toplumlarynda, ilatyň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde, şol sanda saglyk öýlerinde ýiti respirator keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almaga niýetlenen bildirişleriň, ýörite fotosuratly gözükdirmeleriň görnükli ýerlerde ýerleşdirilmeginiň, şeýle-de, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilat köpçüligine ýetirilýän audio we wideo görnüşli ündewlerde öňüni alyş hem-de zyýansyzlaşdyryş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň, sanitariýa we gigiýena arassaçylygynyň, agyz-burun örtüklerini dakynmagyň ähmiýetini düşündirmek işlerine işeňňir gatnaşýarlar.

TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň berkararlygyny, ilimiziň abadançylygyny nazarlaýan belent başlangyçlaryny, ylaýtada, halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen tagallalaryny ilat köpçüligine wagyz etmegi işjeň dowam etdirip, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamagy maksat edinýärler.

Döwran MAHMYDOW,

TDP-niň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.