SAGDYN DURMUŞ SAGDYN JEMGYÝET

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimine eýerip, halkymy zyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň aglabasynda jemgyýetiň esasy baýlygy sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň durmuşymyza ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Mähriban Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Çaý — melhem hem ylham» we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ýaly eserleri ynsan saglygyny berkitmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde ajaýyp eserlerdir.

Gahryman Arkadagymyzyň baş tutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda milli sport ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky dürli sport desgalary, sport-sagaldyş merkezleri we ýaşlarymyzyň köpçülikleýin sporta giňden çekilmegi aýdylanlary aňryýany bilen subut edýär. Sport bilen meşgullanmagyň we sporty gündelik durmuş endigiňe öwürmegiň sagdyn ýaşaýşyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup dur ýandygy dünýä lukmançylygynda subut edilen hakykatdyr.

Milli Liderimiz «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly ajaýyp eserinde sagdyn durmuş ýörelge siniň jemgyýetimizdäki ähmiýeti barada şeýle belleýär: «Ýurduň ähli künjeklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň, stadionlaryň, sport merkezleriniň, Saglyk ýollarynyň, suw sport toplumynyň, seýilgähleriň gurulmagy saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerdilýändiginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çalt depginde ornaşdyrylýandygynyň, bagtyýar zamanda ynsan saglygy, sagdyn durmuş baradaky aladanyň ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr».

Häzirki wagtda dünýäniň belli bilermenleri Türkmenistan döwle timiziň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolman, eýsem, kuwwatly sport döwletine hem öwrülendigini belleýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda we sagdyn ýörelgäni durmuş endigine öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ähli raýatlarymyza görelde we nusgalyk mekdep bolup durýar. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistan döwletine asudalygyň, jebisligiň we dost-doganlygyň mekany hökmünde hem ýokary baha ber ýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji gadamlarynyň ruhubelentlikden we sportdan başlan ýandygy mälimdir. Sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik ýaşaýyş durmuş endigine öwren halkymyz bu babatdaky mizemez ýörelgeleri, taryhdan biziň günlerimize gelip ýeten däpleri has hem ösdüripdir we baýlaşdyrypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan edilmegi hem biziň ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrýan we wagyz edýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilendiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Köpçülikleýin welosiped sürmek we bu ugurda ýaryşlary guramak babatda Türkmenistan Ginnesiň rekordlar kitabyna giren döwlet hökmünde hem hasaba alyndy. Munuň özi bizi buýsandyrýar we guwandyrýar.

Baý mirasy özünde jemleýän türkmen halk döredijiligine ýüzleneniňde hem ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine we nesil sagdynlygyna uly ähmiýet berendigine göz ýetirýärsiň. Bu babatda halk döredijiliginde müňlerçe mysallara we tymsallara duşmak bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän we nesillere nesihat berýän taryhy çeşmeleriň ençemesi ir döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olardan käbir mysallara ýüzlenip göreliň. Orta asyrlaryň belli lukman alymy we syýahatçysy Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi», Jelaletdin ibn Hydyryň «Dertlere derman», Ibn Şeripiň «Nesillere ýadygär», Dawut at Türkiniň «Akyldarlaryň nesihaty» ýaly eserleri gös-göni sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän we sagdyn ýaşaýşy üpjün etmekde esasy serişde bolan ruhubelentlik baradaky gymmatly eserler bolup durýar.

Dürli döwürlerde türkmen top ragyna syýahat eden jahankeşdeler türkmen tebigatynyň gudraty we onuň ynsan saglygyny berkitmek babatdaky jana tenekar howasy barada ençeme ýazgylary galdyrypdyrlar. Şol eserleriň aglabasy hem biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Gahryman Arkadagymyz güneşe baý we rysgaly egsilme ýän türkmen topragynyň jana tenekar howasynyň, gözel we ajaýyp tebigatynyň özüneçekiji gudraty, dertlere melhem bolýan türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlygy barada şeýle belleýär: «Türkmen topragy keremli Allanyň nazar eden sahawatly mekanydyr. Bu topragyň üstüniň hem, astynyň hem hazyna dygyna şek şübhe ýok. Biziň tereň howamyz, bir dänäni müň edip gögerdýän topragymyz, dagymyz düzümiz, derýamyz deňzimiz adam saglygy üçin aňrybaş şypa».

Biziň günlerimizde dünýä meşhur lukman alymlar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň ynsan saglygy we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmakda juda ähmiýetli eserdigini belleýärler. Bu ajaýyp kitapda ady getirilýän dermanlyk ösümlikleriň hemmesi gudratly türkmen tebigatynyň önümidir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar we biziň döwletimiz halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin we syýasy-jemgyýetçilik dabaralaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Şeýle derejedäki at-abraýy gazanmagyň hem esasy we ilkinji şerti Gahryman Arkadagymyzyň ynsanyýet üçin zerur bolup durýan sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky syýasatydyr. Milli Liderimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bi tarap Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň Watany hökmünde dünýäde eýýäm özüni ykrar etdirdi. Döwletiň içerki syýasatynyň baş aladasy bolsa halkymyzyň abadançylygyna, saglygyna, has bagtyýar ýaşamagyna, Türkmenistanyň iň uzak ýaşly raýatlaryň ýurduna öwrülmegini gazanmakdyr».

Hakykatdan hem ýurdumyz da ynsan saglygy we onuň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň döredip beren şeýle ajaýyp şertleriniň esasynda halkymyz bolelin durmuşyň we asuda, abadan ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Çünki Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna Bagtyýarlyk döwrüni peşgeş berdi. Şonuň üçin hem Bagtyýarlyk zamanasynda ýaşamak, gurmak we döretmek bagtyýarlykdan nyşandyr.

Dünýä nusgalyk sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrýan, Türkmenistanda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak belent başy aman, bolsun!

Gülnara AKJIGITOWA,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine