SAGDYNLYK — ÝÖRELGÄMIZ

TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ilat arasynda wagyz etmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Şolaryň hatarynda aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 12-nji tomunyň tanyşdyrylyşy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralary, şeýle hem etrabymyzyň dürli edara-kärhanalarynda saglyk we arassaçylyk endiklerine pugta eýermegiň ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli guralýan wagyz-nesihat çärelerini görkezmek bolar.

Biz, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň işjeň agzalary beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri mundan beýläk hem ilat arasynda wagyz edip, ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

 

Nobatgeldi MERETNAZAROW

TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

28.10.2020 ý 

tags: