SAGDYNLYK ÝÖRELGESI

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary we saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata bilim işgärleri, lukmanlar, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Bu wagyz-nesihat maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygy, kabul edilýän çözgütleriň mähriban halkymyzyň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigi barada gürrüň edildi.

Näzik Bäşimowa, TDP-niň Garagum etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: