SAGLYGA MELHEM ALMALAR

Milli Liderimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmek baradaky berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň bagbanlary bagçylyk hojalyklarynda alma, erik, ülje, armyt, şetdaly agajyny ekmek, olardan bol hasyl almak ugrunda uly işleri alyp barýarlar. Netijede, ekilen miweli agaçlar bol hasyl berip, has-da gözüňi dokundyrýar. Etrabyň bagçylyk hojalyklarynda ýetişdirilen miweler ak bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy bezeýär.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri bagbanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Etrapda tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerýän oba hojalyk işgärleriniň sany hem barha artýar. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan we görkezmelerinden ugur alyp, öndürilýän miwe önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu babatda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri bilen tapawutlanýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Hojalygyň ussatlary dürli görnüşli miweli agaçlaryň 89,3 gektaryny ösdürip ýetişdirýärler. Bagbanlardan Raşit Kurbanbaýew, Rahym Abdullaýew, Batyr Abdullaýew, Sabur Haýtekow, Jabbarbergen Sabyrow dagy uzakmöhletleýin kärende ýerlerinde beýleki miweleriň hatarynda alma agajyny has köp ösdürip ýetişdirýärler. Şu günler alma hem-de dürli miweli agaçlardan kemala getirilen bol hasyl bazarlara, söwda nokatlaryna ugradylyp, elýeter bahalardan ilata ýetirilýär.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Bereketli toprak” gazeti

16.11.2020 ý

tags: