SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Şeýle at bilen Tejen şäherindäki Karbamid zawodynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen maslahata bu zawodyň işgärleri gatnaşdy.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alan maslahatyň esasy maksady ildeşlerimiziň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakdan we keselleriň öňüni almakdan ybarat boldy. Şu günler agyz-burun örtüklerini dakynmagyň emele gelip biläýjek keselleriň öňüni alýandygy, ony dakynmagyň düzgünleri barada aýdyldy.

Maslahatda şäher häkimliginiň, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de şäher hassahanasynyň lukmanlary ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Olaryň arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti dogrusyndaky aýdanlary hem-de şonuň bilen baglanyşykly degerli maslahatlary ünsli diňlendi.

Maslahata gatnaşyjylar ata Watanymyzda ynsan saglygy hakdaky aladany ähli zatdan ilerde goýýandygy, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy barada uly tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Mekanmyrat TAGANOW

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

02.11.2020 ý

tags: