SAGLYGYM — BEGLIGIM

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenbaşy şäher Saglyk öýüniň, Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda, mekdeplerde, köpçülik ýerlerinde wagyz-nesihat işleri geçirilip gelinýär. Köçelerde, köpçülik ýerlerinde çäklendirilen araçägi saklamak, agyz-burun örtügini kadaly we düzgüne laýyk dakynmak babatda adamlar bilen düşündiriş işleri, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti hem özüniň ilkinji guramalarynda bu ugurda meýilnama esasynda işleri alyp barýar. Golaýda şeýle wagyz-nesihat çäresi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hem geçirildi.

Gurbanbagt Hajymämmedowa, TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

 

tags: