Saglygym — begligim

Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Ynsanyň islendik maksadyny hasyl etmegi üçin diňe bir beden taýdan däl, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagy zerurdyr. Sagdynlygyň esasy ýörelgeleri kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakdyr.

Adam üçin başynyň täjine deňelýän saglyk hemme zatdan, ähli aladalardan ýokarda durmak bilen, ol hemişe döwrüň we jemgyýetiň derwaýys meselesi bolup durýar. Türkmenistan bu gün özüniň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ylmy taýdan dolandyrmagyň, dünýä lukmançylygynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň özboluşly milli ýolunda özgerýän hem-de ösýän häzirki zaman dünýäsi bilen deň gadam urmagy saýlap aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Gazanylan üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi.

Ynsanyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine täsir edýän ençeme görkezijileri özünde jemleýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ilatyň jan saglygy, ilkinji nobatda, ýurtda alnyp barylýan ykdysady syýasata öz täsirini ýetirýär. Adam maýasy ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny herekete getirmekde, ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalary dolandyrmakda, netijede, durnukly ykdysady we durmuş ýagdaýlaryny emele getirmekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady «Sagdyn durmuş we abadançylyk» diýlip atlandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir gününi toýdur baýramlara besleýän, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerip, bu ugurda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Bezirgen Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri

“Watan” gazeti

24.05.2022 ý

 

tags: