SAGLYK — BAŞ BAÝLYK

Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň kiçi mejlisler jaýynda ýörite meýilnama esasynda howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almagyň, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we Änew şäher Geňeşliginiň hünärmenleri gatnaşdy.

Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, Ak bugdaý etrap häkimliginiň, şeýle-de TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat maslahaty baý many-mazmuna eýe boldy. Onuň dowamynda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Maksat Çaryýewiň, Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Aşyr Çaryýarowyň, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Röwşen Gulowyň, bilim bölüminiň hünärmeni Bibi Ataýewanyň eden täsirli çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ynsan saglygyny gorap saklamak, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek ýokanç kesellerden goranmak endiklerini kämilleşdirmek barada täsirli gürrüň edildi. Onuň dowamynda edilen öwüt-ündewler, berlen degerli maslahatlar uly täsirleri döretdi.

Çemen KÖNÄÝEWA

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

21.10.2020 ý 

tags: