SAGLYK SERPAÝYNDAN PAÝLY HALKYMYZ

Täze hassahananyň açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de gatnaşdy. Biz hem olaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk. Şonda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Ernyýazow öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— ­Sag bol­sun, mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz! Ilatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etjek şeýle döwrebap desgany gurduryp berdi. Munuň üçin guwanjymyz, buýsanjymyz egsilmezdir.

Häzirki wagtda jemgyýetçilik guramalary ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barýarlar. Kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz aralygy saklamak, elleri zyýansyzlandyrmak, beden gyzgynyna gözegçilik etmek, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmek möhümdir. Şular dogrusynda yzygiderli çykyşlar guralýar, düşündiriş, wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ilatyň im­mu­ni­te­ti­ni­—­yn­san be­de­ni­niň ke­se­le garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy geçirilýär. Ýurdumyzyň raýatlaryna dürli keselleriň öňüni alýan sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Häzirki wagtda bu sanjymlaryň düzümine jemi 14 sany ýokanç kesele garşy sanjymlar girýär.

Täze gurlup, ulanylmaga berlen Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň hem il saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe boljakdygy ikuçsuzdyr.

Ogulkeýik Paşşyýewa

«Mugallymlar gazeti»

16.11.2020 ý

tags: