Sanly ulgam ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek, şeýle hem ylym, bilim ulgamlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýurdumyzyň ähli kärhanalarynda bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak güýçli depginde alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary saýlap almak boýunça-da uly işler edilýär. Bu ugurda «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy tehnologiýalar parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda innowasion taslamalary işläp taýýarlamagyň hem-de ornaşdyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny pugtalandyrdy. 2015-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň innowasiýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» esasy maksadyda Türkmenistanyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda möhüm ugurlaryň we barlaglaryň hil taýdan täze derejesini döretmekden, tebigy we takyk ylymlary innowasion senagaty ösdürmekden, ylmy-tehniki işiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we täze döredilen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi bilen döwrüň talaby özgerýär. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde wagt esasy gymmatlykdyr. Wagty tygşytly ulanyp, meýilnamany takyk ýerine ýetirmek bazar gatnaşyklarynyň baş şertidir. Elektron resminamalaryň elýeterliligi, olaryň gorag üpjünçiliginiň berkligi, ýurduň islendik künjeginden zerur resminamalary edinmek mümkinçiligi ýaly şertler ildeşlerimiz üçin amatly maglumat gurşawyny emele getirýär. Häzirki zaman kompýuter programmalary elektron resminamalarynyň goragyny üpjün etmekde täze serişdelere baý. Dürli görnüşli amallary, hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly ulgamyň aýratyn orny bar. Bazar ykdysadyýetine geçmegiň iň amatly ýoly sanly ulgamyň ösdürilmegidir. Çünki bazar gatnaşyklarynda elektron giňişligi, amallaryň, hyzmatlaryň çalt ýerine ýetirilmegi örän bähbitli şert hasap edilýär. Ildeşlerimiz internet torundan peýdalanyp, oturan ýerinden harytlaryň birnäçe görnüşini bir wagtda görüp, saýlap we sargyt edip bilýärler, tölegini hem elektron usulda geçirýärler. Bu bazar üçin-de, ilat üçin-de wagty tygşytlaýar, iş öndürijiligini ýokarlandyrýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirmegiň netijesinde sanly gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynda zähmet çekýän raýatlara giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly binýadyny dörediji ulgam hökmünde kesgitlenýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Geçen döwrüň tejribesiniň görkezişi ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan döwlet dolandyrylyş ulgamyny, ykdysadyýeti, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde öňe çykdy. Bu gün sanly ulgam ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyry ýurdumyzda üstünlikli amala aşyryldy. Sanly ulgamy üstünlikli durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary uly ähmiýete eýedir. Internet web-saýtynda metbugatda neşir edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri-de ýerleşdirilýär. Ähli ulgamlarda elektron salgylary döredilip, resminamalaryň elektron görnüşlerini almak, gerek bolan gollanmalaryň, resminamalaryň elektron görnüşlerini ugratmak işleri doly ýola goýuldy. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Ulgamlarda içki tor we elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylyp, alnyp barylýan işlerde giňden peýdalanylýar.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän il-ýurt bähbitli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da belende götermek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak wezipeleri doly amala aşyrylar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu ugurdaky üstünlikler barha özüni görkezýär. Munuň üçin biz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Bezirgen Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri

“Edebiýat we sungat” gazeti

29.07.2022 ý

 

tags: