SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar. Döwrüň täze talaplary we mümkinçilikleri ýüze çykarýandygyny aýtmalydyrys, şeýlelik bilen, döwlet dolandyryş ulgamyny, tutuş jemgyýeti ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar

Ýurdumyz çalt depginler bilen ösýär, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde onuň orny barha ýokarlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alynýar, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda milli bilimi barha kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda milli bilim ulgamynyň sanly düzümleri hem ösdürilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlarynyň okuw işinde giňden ulanylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlamak esasynda, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly nesilleri kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyndan ugur alnyp kabul edildi.

Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli aragatnaşyk ulgamy emele geldi. «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, ýokary tizlikli internet ulgamynyň işini üpjün etmekde, ýokary hilli sanly teleýaýlymlary görkezmekde, internet torunyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamynyň işledilmeginde onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

Ýurdumyzda innowasion ösüşe esaslanyp, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly maglumat gorunyň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmak ugrunda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda «bulutlaýyn» tehnologiýalary ulanmak sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. «Bulutlaýyn» tehnologiýalar ýokary tizlikli internet we intranet torunyň üznüksiz hem-de ygtybarly elýeterliligini üpjün edip, maglumatlaryň merkezleşdirilen görnüşde saklanylmagyna, gaýtadan işlenilmegine mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň netijeli ulanylmagyny, çözgütleriň çäk babatda ölçegliligini, maglumat ulgamlaryny işläp taýýarlamakda, ulanmakda harajatlaryň azaldylmagyny, olaryň goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün etmekden ybaratdyr.

Maksatnamany üç tapgyrda amala aşyrmak we maliýeleşdirmek maksat edinilýär. Birinji tapgyr, esasan, 2019 — 2020-nji ýyllar üçin meýilleşdirilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň bellenilmegi, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara toparyň döredilmegi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, birinji tapgyr ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýadyny seljermek, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejelerini kesgitlemek, olaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribesi bolan milli we halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu wezipeler häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

2021 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji, 2024 —2025-nji ýyllary öz içine alýan üçünji tapgyrlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýurdumyzyň geljekki ösüş strategiýasy anyk beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar we ösdürilýär. Bu ulgamda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet we ýerli häkimiýetiň dolandyrylyşynyň, şol sanda gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmakda, döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginde örän ähmiýetlidir.

Sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgama sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze döwrebap iş orunlaryny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeler çözülýär.

Milli Liderimiz öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmekde uly tagallalar edýär. Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama hem ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň, olary döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ata Watanymyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly dabaralanmasydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetini wagyz etmekde, düşündirmekde, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda netijeli işleri alyp barýar.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.

“Türkmenistan” gazeti.

 

tags: