SEBIT HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Amangeldi Orazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Soňky ýyllarda diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde wajyp çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 6-njy awgustda ýene-de dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Şol gün bu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi guraldy. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty ýurdumyzyň we goňşy döwletleriň ykdysady üstünlikleri babatda gürrüň berýän serginiň geçirilýän ýerine öwrülip, ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi. Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde ýaýbaňlandyrylan sergide dostlukly ýurtlaryň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylanlar beýan edildi. Diwarlyklarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň esasy pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtomobil gurluşygy, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň bäsleşigi guraldy. Ýokary hilli eksport ugurly harytlar, döwrebap tehnologiýalar, täze işläp taýýarlamalar we taslamalar görkezildi.

Sergide gurnalan äpet monitorda oňa gatnaşýan ýurtlaryň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy. Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hazar giňişliginiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm ulag-logistika halkasy hökmünde Hazaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada görkezilen ýörite wideoşekiller bolsa sergä gatnaşanlarda has uly täsir galdyrdy.

Giň möçberli serginiň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler bilen çykyş etmäge hem-de tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler boldy.

Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalary guralyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manada barabar boldy. Munuň özi bu halkara çäräniň iş ýüzündäki anyk we aýdyň netijeleriniň bir mysalydyr.

Milli önümleriň halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy hem ony many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy.

Ata Watanymyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşleriň mekanyna öwren, sebitde hem-de dünýäde abadançylygy ýola goýmak üçin gije-gündiz tagalla baryny edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri asyrlardan-asyrlara ýaň salsyn!

 

Almanar Ýazberdiýewa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýaýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy oňa gatnaşanlar üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesinde beýan edilişi ýaly, bu halkara çäräniň baş maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda, hususan-da, durmuş ulgamynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan zenanlaryň dialogynda sebitiň ýurtlarynda gender syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, enäniň we çaganyň saglygynyň goralyşy hem-de halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň iş bilen üpjün edilişi barada giňişleýin gürrüň edildi we tejribe alşyldy. Çykyş eden zenanlar duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu möhüm ugurda gazananlary, geljekki meýilnamalary hakynda maglumatlary alyşmak hem-de umumy bähbitlere kybap gelýän sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz zenan mertebesini belende galdyrmak ugrunda paýhasly syýasaty alyp barýar. Zenanlaryň jemgyýetde uly orny bar. Olaryň hukuklary döwlet kanunlary arkaly goralýar. Türkmenistan zenanlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek baradaky halkara Konwensiýalaryna goşuldy.

Maňa hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmak bagty miýesser etdi. Gojaman Hazaryň kenarynda, gözel Awazada Berkararlyk mukamyndan kalbymy gandyryp ýören pursatlarymda milli Liderimiziň saýasynda geçýän her bir günümiziň bagt üleşigidigi barada pikir etdim. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşi ýola goýmagy her bir ene üçin bagt. Çünki perzentleriň, nesilleriň bagty, olaryň geljeginiň ygtybarlylygy eneleriň röwşen arzuwy bolup durýar. Şol arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynda sebitiň zenanlarynyň uly maslahatyna gatnaşmak bilen, öz öňümizde täze-täze maksatlary goýduk. Şeýlelikde, dialogyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň adyna kabul eden Ýüzlenmämizde geljekde ýerine ýetirilmeli we maksatnama esasynda amal ediljek işler barada birin-birin beýan etdik.

Zenan mertebesini ýokary galdyrýan milli Liderimize zenanlaryň, eneleriň alkyşlary uly. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Ruslan Jumaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen forum hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kemala getirmäge gönükdirilen möhüm meýdança öwrüldi. Merkezi Aziýa dünýä ykdysadyýetinde Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan möhüm sebit hasaplanylýar. Şol sebäpden hem abraýly halkara guramalary, ykdysady bileleşikler bu sebite bolan gyzyklanmalaryny barha ýokarlandyrýarlar.

Soňky döwürde sebitiň ýurtlary durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşe ýardam berýän, innowasiýalaryň senagatyny döretmäge we ulag-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, sebit ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ykdysady gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini döretmek zerur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynda söwda we işewür hyzmatdaşlyk, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, senagat, hususan hem, energetika we himiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan milli, sebit we halkara ulag-logistika we energetika ulgamyny yzygiderli ösdürýär we kämilleşdirýär. Ýurtda döwrebap awtomobil, demir ýollarynyň, deňiz port düzüminiň, howa menzilleriniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldýän döwletimiz Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan täze halkara geçelgelerini döredýär. Türkmenistanyň ulag strategiýasynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin amatly şertler döredilýär. Deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa döwletleri bolan Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyz Respublikasy üçin bu meseleler aýratyn ähmiýetlidir. Çünki Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyryp, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy. Mundan başga-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilen möhüm pudagara resminamalary aýry-aýry işewür taraplaryň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändiginiň tassyknamasyna öwrüldi. Garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy geljekde Merkezi Aziýa döwletleri üçin ajaýyp şertleri döreder. Birinjiden, sebitiň içinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasynda döwletleriň özara goşulyşma derejesi ýokarlanar; ikinjiden, ählumumy taryhy kökleri we medeni ýakynlygy bolan doganlyk halklaryň abadançylygyny üpjün eder; üçünjiden, Merkezi Aziýa sebiti dünýäniň iri ykdysady we işewür merkezine öwrüler; dördünjiden, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin daşarky maýa goýumlary üçin özüneçekiji sebite öwrüp, giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen şeýle köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde amala aşyrylýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny hyzmatdaşlygyň özenine öwren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

“Edebiýat we sungat” gazeti

13.08.2021 ý

 

 

tags: