ÖSEN TEHNOLOGIÝALARYŇ EÝÝAMY

Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýedäki hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Sanly bilim ulgamyna geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri elektron kitaphanalary döretmek, şeýle hem olaryň peýdalanylyşyny giňeltmekdir. Ähli ugurlarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy döwrüň esasy wezipesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda kitaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürmekde iňňän möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzdaky milli ylmy kitaphanalarda işleriň kompýuterleşdirilmegi, elektron kitaphanalaryň döredilmegi, olaryň internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, elektron sanawynyň döredilmegi maglumat almak mümkinçiligini ep-esli ýeňilleşdirýär we giňeldýär. Halkara kitap alyş-çalyş işleriniň doly ýola goýulmagy bilen, dünýäniň islendik ýurdundan ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, hünärmenlerine we talyplaryna gollanma bolan kitaplaryň hem-de döwürleýin neşirleriň ýurdumyzyň kitaphanalaryna alynmagy barha rowaçlanýan kitaphana işiniň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Elektron kitaphanalar, esasan maglumatlaryň giňligini, olaryň elýeterliligini we üpjünçiligini döretmek üçin niýetlenilendir. Şonuň ýaly-da, internet ulgamyndan has giň peýdalanmagyň serişdesidir. Elektron kitaphana ulgamy öz maglumat çeşmelerini islendik ulgama birikdirip bilýär. Ýöne bu olaryň bitewi bir ulgamdygyny aňlatmaýar. Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklary ol ýa-da beýleki habarlara hemde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Resminamalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, köp sanly maglumatlarda köpugurly gözlegi amala aşyryp, gysga wagtda iň degerlisini saýlamaga şert döredýär. Elektron kitaphanalar islendik maglumaty, habary kagyza çap etmäge, göçürmesini almaga ýa-da belli bukjada ýerleşdirmäge bolan mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde täze bir ugur köpçülikleýin habar beriş tehnologiýalary ulgamynda geregini we ygtybarlysyny saýlamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň ýaly-da maglumat giňişligindäki çeşmeleri seljermegi ýa-da elektron poçtanyň üsti bilen maglumaty başga birine ugratmagy örän gysga wagtyň içinde amala aşyryp bolýar. Elektron kitaphanalar ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň ýene-de biri ondaky maglumat çeşmelerinden öýjükli telefonlaryň üsti bilen edebi kitaplary okap, ylmy işler bilen tanyş bolmak mümkinçiligi tehnologiýanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän döwründe geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklarynda uly ähmiýete eýedir.

Elektron kitaphanalaryň gory adaty kitaphanalaryň işiniň awtomatlaşdyrylmagy, ozal neşir bolan kitaplaryň elektron görnüşleriniň döredilmegi bilen baýlaşýar. Sözüň doly manysynda elektron kitaphanalaryň ösmegi, edebiýat gorunyň köpelmegi, ilkinji nobatda, kitaphana işiniň elektron görnüşe geçmegini guramak hem-de ulanyjylar köpçüligine barha giň ýaýramagy bilen şertlendirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara innowasion ösüşe anyk maglumatlaryň elýeterli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi bolsa döwrüň ösen talaplaryna eýerilip, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň talabalaýyk durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Akmuhammet MOMMAÝEW,

TDP-niň Mary şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.