ŞA SERPAÝYŇA SAG BOL, EZIZ ARKADAGYMYZ!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy uly ruhubelentlikde giňden bellenilip geçildi. Şanly toýuň — baş baýramymyzyň öň ýanynda ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanyp, halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygy nazarda tutulyp, raýatlarymyzyň ençemesine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Habarçylarymyz dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde bolup, TDP-niň işjeň agzalarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldular. Olar ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler.

 

Ahmet Rejepow,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary:

Merdana halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyny uly dabaralardyr ýatdan çykmajak wakalara besläp belleýän günleri meniň hakydamda hemişelik galjak pursatlara öwrüldi. Kärdeşlerimiň birnäçesi bilen birlikde Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanjym çäksizdir. «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym mundan beýläk has-da netijeli işlemäge borçlandyrýar. Geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň içeri hem daşary syýasatyny halkyň arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündirmekde başarnygymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekerin. Şa serpaýyňa sag bol, Gahryman Arkadagymyz! Janyňyz sag, başyňyz belent, tutumly işleriňiz rowaç bolsun!

Muhammetmyrat Rejepow,

TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň başlygy:

Bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere barýan eziz Watanymyzy ýene de toý şatlygy gurşap aldy. Toýlary goşa goşadan gelýän Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň bellenilýän günleri hoş habarlara baý boldy. BMG-niň Baş Assambleýasyndan gelip gowşan hoş habarlar halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen içeri hem daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler üstünliklere ulaşýar. Halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatyny halka düşündirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary uly güýç bolup durýar. TDP-niň her bir işjeň agzasy ýaly TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň işjeň agzalary bolup hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ösüşli, özgerişli ýoluny halka düşündirmekde, wagyz nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň bellenilýän günleri «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanandygyma begenjimiň, hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok.

Bäşim Akyýew,

TDP-niň Halaç etrap komitetiniň bölüm müdiri:

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik üstünlikler ýurdumyzy gülzarlyga öwrüp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Şol üstünlikleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň manymazmunyny halka düşündirmek işi jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda TDPniň işjeň agzalary öň hatarda bolmak bilen, maksadokgunly işleri alyp barýarlar. Şu ugurda çekýän päk zähmetimi göz öňünde tutulyp, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym meni hasda hyjuwly, döredijilikli, netijeli işlemäge borçlandyrýar. Şu dabaraly pursatda hormatly Prezidentimize hoşallygymy bildirmek bilen, iň ýagşy arzuwlarymy aýdýaryn.

Şatlyk Mämmetnyýazow:

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň başlygy:

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli demokratiýamyzy pugtalandyrmaga, ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler barha örüsini giňeldýär. Bu günki gün kalby buýsançdan doly halkymyz Watanymyzy parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly guwandyryjy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu gönüden göni meniň durmuşym bilen baglanyşyklylykda hem şeýledir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym depämi Göge ýetirdi. Çekýän päk zähmetimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.