Sogap işe badalga

Türkmene gurmak ýaraşýar. Ata-babalarymyzdan bize miras galyp, juda çuň hem giň mana eýe bolan bu jümle «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda özüniň iş ýüzündäki döwrebap dowamatyny tapýar.

Bu hakykat mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ählihalk baýramyna ynamly barýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň gündelik alyp barýan işlerine-de gönüden-göni dahyllydyr. Muňa Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýn Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçip, goňşy Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda halkara hil ülňülerine laýyk guruljak täze köpriniň düýbüniň dabaraly ýagdaýda tutulmagy hem aýdyň güwä geçýär. Tebigy baýlyklaryň ummasyz köp gorlaryny özünde jemleýän Garabogaz köl aýlagynyň üstünden guruljak bu täze köpri ata Watanymyzda ulag-logistika ulgamyny dünýä derejesine çykarar.

Hazar deňziniň mawy giňişlikleriniň Gündogar kenarlaryndan demirgazyga tarap ýüzlerçe kilometr uzap gidýän awtomobil ýolunyň üstünden guruljak täze köpri özboluşly binagärlik gurluşygyna eýe bolar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini, halklaryň özara dost-doganlyk hyzmatdaşlyklaryny, ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýene bir mertebe ýokary göterer.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda guruljak bu täze desga Garaşsyz Diýarymyzyň ýolgurluşyk pudagyny ösdürmekde we ony dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmekde ýene bir aýgytly ädim bolar. Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr, iki gatnawly 2 hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň umumy uzynlygy 2000 metr bolan eltiji ýollarynyň gurluşygynyň 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlanjakdygy has-da buýsançlydyr. Bahasy ABŞ-nyň 47 million dollaryna golaý şeýle möhüm taslamany juda gysga wagtda amala aşyrmak diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlete başardýandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Suwuň üstünden beýikligi ýedi metre deň boljak bu desganyň üstünde oturdyljak yşyklandyryş sütünleri bolsa onuň gijeki görnüşine aýratyn gözellik çaýar.

Täze guruljak köpri bu gün tutuş dünýäde ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ykrar edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şonuň ýaly-da, kenarýaka şäherine gelip gidýän köp sanly awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň bökdençsiz ýola goýulmagynda hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolar. Bu köpriniň gurluşygy raýatlarymyzyň ýüzlerçesini iş bilen üpjün eder.

Biziň halkymyz ýola uly keramat hökmünde garaýar. Uzak ýola barýan ýolagça ýa-da döwletli işiň başyny başlan adama hem ak ýol arzuw edilýär. Ýol döwletleriň we halklaryň özara gatnaşyklaryny üpjün edýär. Adamlaryň agzybir, jebis ýaşamaklary ýa-da öňlerinde goýan maksatlaryny hasyl etmekleri, uzak menzillere gysga wagtda we asuda-abadan barmaklary üçin hem ýoluň, köprüleriň gadyr-gymmaty örän uludyr. Ata-babalarymyzdan miras galan ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgelere mynasyp dowamat berýän Arkadagly Serdarymyza kalbymyzyň töründen çykýan alkyşymyzy aýdýarys. Döwlet Baştutanymyza — Arkadagly Serdarymyza il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işlerinde baky rowaçlyk hemra bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

09.08.2022 ý

 

tags: