SPORT — SAGDYNLYGA BINÝAT

Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň, umumymilli spartakiadalaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we dürli derejeli çempionatlaryň geçirilmegi hem-de olara türgenlerimiziň aýratyn gujur, höwes bilen gatnaşyp, üstünlikleri gazanmagy hem bu ugurdaky işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli derejeli ýaryşlary geçirmäge ajaýyp mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň giň amatlyklary hem bu babatda bellenilmäge mynasypdyr. 2017-nji ýylda ol ýerde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bütin dünýäniň ünsüni çekdi. Aziýa yklymynyň bu iri ýaryşy dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň müňlerçesini Aşgabada ýygnady. Ol waka türkmen sportunyň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girdi. Mundan başga-da, geçen ýyllarda Olimpiýa şäherçesinde sportuň görnüşleri boýunça dünýä we yklym derejesindäki ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi.

Ata Watanymyzyň sebitlerinde gurlan sport desgalary ýaşlarymyzyň sport türgenleşiklerini yzygiderli geçmäge we barha taplanmaga, kämilleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň obadyr şäherçelerinde, etrap merkezlerinde sport mekdepleri, stadionlar we toplumlar hereket edýär. Sport mekdeplerinde ýaşlarymyz tejribeli türgen-mugallymlardan tälim alýarlar. Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň hem sporta höwesli ýaşlaryň ygtyýarynda bolmagy örän guwandyrýar. Häzirki wagtda bu sport mekdep-internatynda ýaşlara sportuň olimpiýa oýunlaryna girýän görnüşleri we türkmen milli göreşi görnüşi boýunça çuňňur bilim-tälim berilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň sport abraýyny arşa göterjek nesli — geljekki olimpiýa çempionlaryny kemala getirmegiň esasy şertini emele getirýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň häzirki günlerinde Diýarymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzda gurlan sport desgalarynyň, şol sanda sport mekdepleriniň giň amatlyklary bu ýaryşlaryň ýokary derejede geçmegine we türgenleriň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi-durmuşa söýgüdir!» diýen sözleri ýaşlarymyza sportda belent ýeňişleri gazanmaga ruhubelentlik berýär. Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrendigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Araphan ERNIÝAZOW

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

23.10.2020 ý

tags: