Üstünliklere beslenen taryhy ýyl

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl özboluşly wakalar bilen şöhratlandy. Şeýlelikde, ol taryhy ýyl bolup, aňymyza ornaşdy. Ilki bilen, bu ýylyň hormatly Prezidentimiziň makullamagy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň diýseň buýsançly wakadygyny bellemek gerek. Çünki parahatçylyk bilen ynanyşmagyň bar ýerinde asudalygyň, jebisligiň, bagtyýarlygyň hem ösüşiň bardygy hemmelere aýdyň hakykat. Şeýle hakykata düşünip, joşgunly zähmet çekýän merdana halkymyz döwranly döwrüň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet hem jemgyýetçilik durmuşy, umumadamzat bähbidi üçin amala aşyrylan beýik özgertmeleriň taryhy pursatlaryny özünde jemlän üstümizdäki ýylyň käbir wakalaryny agzap geçmek iki ýylyň sepgidinde has-da ýerlikli. Döwletimiz bu günki gün halkara derejede ösen ýurt hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan özara peýdaly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygyň pelsepelerine esaslanyp, oňyn Bitaraplyk syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda, düşündirmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen yglan edilen şu ýylda Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ösüşi berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işler durmuşa geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň, halkara ähmiýetli çäreleriň uly toplumynyň geçirilmegi köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek taryhy waka öwrüldi. Häzirki wagtda Hazarýaka sebitiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki Hazar deňzi, ozaly bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özboluşly ykdysady, medeni-syýasy köprüsi bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy, geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny özünde jemleýär.

Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň taýsyz tagalallary netijesinde, ata Watanymyz dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ýurtlaryň ählisiniň tagallalaryny birleşdirmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Şeýle çäreler türkmen döwletiniň gazananlaryny, eksport kuwwatyny, mümkinçiliklerini dünýä görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli meseleleri çözmek üçin uly amatlyklary döredýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulaglaryň aýratyn möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmak işinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň täzelenýän, demokratik ýörelgeleriň barha rowaçlanýan we kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilýän döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy uly buýsanç bilen bellenilip geçildi. Geçen döwür ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden berk binýat tapan Watanymyzyň taryhy geçmişini, bagtyýar şu gününi, ýagty geljegini bitewi bir maksatda birleşdirmäge uly esas bolandygyny äşgär etdi. Bu gün Ýer ýüzünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanyň dünýä giňişliginde orny pugtalanýar. Bu hakykaty üstünliklere beslenip, tamamlanyp barýan üstümizdäki taryhy ýylyň wakalary tutuşlygyna açyp görkezdi. Biz — bagtyýar türkmen raýatlary, täze — «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly buýsançly şygara beslenip geljek ýyla hem uly umyt-arzuwlar bilen garaşýarys. Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň mizemez bitewüligi döwletimiz hem jemgyýetimiz üçin täze menzillerde mundan beýläk hem uly üstünlikleriň ýar boljakdygy baradaky arzuwlara ganat berýär.

Şirinjemal Otuzowa, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni

“Daşoguz habarlary” gazeti

23.12.2021 ý

 

tags: