SYÝASY IŞJEŇLIK — ÖSÜŞE BADALGA

Parasatly döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde dünýä nusgalyk derejede gülläp ösýän we özgerýän güneşli Diýarymyzyň zähmetsöýer halky, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyly ýokary zähmet üstünliklerine besleýär. Toýlary-toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bedew batly ösüşlere eýe bolup, taryh üçin örän gysga döwürde görlüp eşidilmedik ösüşlere ýetdi.

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk gysga döwrüň içinde şöhratly ýol geçdi. Türkmen halky bu döwrüň içinde dünýä bileleşigine parahatçylyk söýüji, goňşa hormat goýýan, bagtyny hemişe halallykdan hem-de zähmetden gözleýän, paýhasly pikir ýöredýän hem-de adyl netije çykarýan millet hökmünde özüni Ýer ýüzüne tanatdy. Bu üstünlikleriň ählisiniň gözbaşynda bolsa Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary dur.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň müdimilik ýadynda galjak taryhy wakalar göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna amala aşyran iş sapary, şol sanda goýny 360 pirli gadymy Daşoguz welaýatyna bolan saparynyň çäklerinde durmuş-medeni maksatly birnäçe döwrebap desgalary açyp, ulanmaga bermegi ähli daşoguzlularyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi, bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň sözlan çuň manyly taryhy çykyşynda ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz baradaky buýsançly sözleri watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezdi. Bu günki gün ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri dünýäni haýrana galdyrýar, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna “Ösüş arkaly parahatçylygy” öňe sürýän döwletimiziň parahatsöýüjilikli her bir başlangyjy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagyny we beýleki halkara ähmiýetli başlangyçlary mysal getirmek bolar.

Mähriban Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine mahsus sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryny, durmuş-ykdysady, medeni bilim, jemgyýetçilik syýasy özgertmelerini mundan beýläk hem üstünlikli amala aşyrmak üçin täze ugur-ýollary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň öňünde durýan hem-de ýokary jogapkärçiligi, guramaçylygy talap edýän wajyp wezipeleri kesgitleýär.

“Biziň alyp barýan ähli işlerimizde we gazanýan üstünliklerimizde, jemgyýetimizde raýat bitewüligini pugtalandyrmakda, giň gerimli özgertmelerimizi dowam etmekde, beýleki köp sanly oňyn işlerimizi amala aşyrmakda syýasy partiýalarymyzyň hem-de iri jemgyýetçilik gu ramalarymyzyň orny uludyr” diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ganatly sözleri bizi işlerimizi täzeçe gurap, has-da döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar hem-de ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda hereket edýän syýasy partiýalaradyr iri jemgyýetçilik guramalaryna berýän bahasyndan ruhlanýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň her bir agzasynyň gursagy hyjuwdan doly.

Ýurdumyzda iň baýry syýasy partiýa bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň baş wezipesi döwletimiziň ynsanperwer we parahatçylyk söýüji daşary we içeri syýasatyny wagyz-nesihat etmekden, giň halk köpçüligine düşündirmekden, jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini has-da berkitmekden, raýatlaryň syýasy-jemgyýetçilik düşünjesini, işjeňligini ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle maksat-niýetler bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary, beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti we ilkinji partiýa guramalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymaty esasynda alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işlerini, durmuşa geçirilýän täze başlangyçlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmekde netijeli işleri alyp barýar. Mähriban Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyla bagyşlanan çärelere giňden orun bermek bilen bir hatarda Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelýän kitaplarynyň many-mazmunyny, olaryň baý taryhy maglumatlaryny, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini giň halk köpçüligine ýetirmekde şäher häkimligi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen agzybirlikde wagyz-nesihat çäreleri, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli has oňat abatlanan, arassa, döwrebap abzallaşdyrylan edaralary, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we köçeleri ýüze çykarmak, höweslendirmek, esasan hem, arassaçylyk- abadanlaşdyryş işlerine gyzyklanma döretmek, işjeň gatnaşmak maksady bilen, Daşoguz şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komiteti we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Iň oňat edara», «Iň oňat ýaşaýyş jaýy», «Iň oňat mekdep», «Iň oňat çagalar bagy», «Iň tämiz köçe» ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Türkmenistanyň mizemezliginiň, milli agzybirligimiziň, jebisligimiziň sarsmaz binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasyndaky günlerde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly kitabynyň elimize gowuşmagy buýsançly başymyzy Göge ýetiren wakalaryň biri boldy. Çünki milli Liderimiziň bu täze kitaby geçmiş mirasymyzy öwrenmäge teşne bolan her bir adam üçin gymmatly gollanmadyr. Şu günlerde şäheriň ähli edara-kärhanalarynda, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde bu gymmatly kitabyň ähmiýeti, baý taryhy maglumatlary barada tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär.

Jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrmakda, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatyny halka düşündirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde döredijilikli zähmet çekmek üçin döredip berýän şertleridir mümkinçilikleri üçin TDP-niň her bir agzasynyň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallygy çäksizdir. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzy ösdürip, has belent derejelere ýetirmek baradaky beýik maksatlaryny ak ýürekden goldap, hemişe jemgyýetde sazlaşdyryjy güýç bolmaga, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky ägirt uly tutumly işlerde öň hatarlarda hereket etmäge çalyşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Didar  Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy                     

“Daşoguz” habarlary

14.10.2021 ý

 

tags: