Makalalar

TÄZE DÖKÜN

Deňiz kirpileri çuňluklardaky merjen gaýalarda ýaşaýan mör-möjeklerdir. Olar Tasmaniýanyň gündogar kenarynda juda kän we käbir deňiz haýwanlarynyň köpelmegi üçin howp döredýärler. Ýerli hökümet deňiz kirpilerini häzire çenli peýdaly maksat üçin ulanmagy başarmadyk hem bolsa, geljekde bu jandarlary dökün hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Turkmen

Arkadagyň ak ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Şolara laýyklykda ýurdumyzda häzirkizaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmak boýunça işler bökdençsiz durmuşa geçirilip, awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Turkmen

Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy.

Turkmen

Baş maksat — halkyň abadan ýaşaýşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Muňa düýn günbatar sebitde il-ulsumyz üçin bähbitli desgalaryň birbada üçüsiniň — Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa 50 orunlyk köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Turkmen

Ösüşlere beslenýän sebit

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly ösüşleriň ýylyna öwürýär. Bu ajaýyp künjegiň her bir ýaşaýjysy mähriban Watanymyzda ähli babatlarda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere gönüden-göni dahyllydyklaryna buýsanyp, merdana halkymyza şeýle bagtyýar günleri peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýdýar.

Turkmen

Watanymyz — guwanjymyz

Agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen toýlady. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň aýdyň nyşany. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletli maslahat — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi.

Turkmen

ÝURT GARŞY ALSYN!

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen barha gülläp ösýän Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, beýik üstünliklere beslenip gelýär. Ynha, şeýle bagtyýarlyga beslenen günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Garaşsyzlyk ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

Turkmen

HARMANLAR BARHA BEÝGELÝÄR

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň tagallasy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-7», «Jeýhun» görnüşleriniň ekilmegi hasylyň bol bolmagyna getirdi.

Turkmen

JAÝ TOÝLARY TUTULÝAR

Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk syýasatynda adamlar baradaky alada, türkmenistanlylaryň ýaşamaklary, işlemekleri hem-de dynç almaklary üçin amatly we zerur şertleri döretmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Turkmen

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI TAGLYMAT

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, onuň esasynda dünýä döwletleri bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Häzirki wagtda ynamly öňe barýan we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Turkmen

Pages