Makalalar

AWAZADA BOLJAK ÇÄRELER DÜNÝÄ ÝAŇ SALAR

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Baştutany Gahryman Arkadagymyz diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary öňe sürmek hem-de şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin nusgalyk işleri amala aşyrmak bilen berkarar döwletimizi dünýäniň iň abraýly döwletleriniň hataryna goşdy.

Turkmen

Göterildi ol ykbaly türkmeniň

Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany bolan türkmen döwleti Parasatly döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragynda bu ýyl ata Watanymyzy şöhratlandyrjak uly toýumyz-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar.

Turkmen

TARYHY DÖWRÜŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

BEÝIK GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA

Turkmen

BILIM ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy ýokary derejelere çykarylýar.

Turkmen

ROWAÇ MENZILLER

Mukaddes Garaşsyzlyk we sebit syýasaty: Balkan welaýaty

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň barşy bilen ýakyndan tanyşmak üçin Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň barşynda welaýatyň Garabogaz aýlagynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de şäherde alnyp barylýan gurluşyklarda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Turkmen

MÜŇÝYLLYKLARA UZAÝAN AK ÝOL

Agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýän türkmen halky Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşleriň şaýady bolup, şanly hem taryhy seneleri dünýä ýaň salýan dabaralara besleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl hem türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şöhratly senäniň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly hökmünde aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýedir.

Undefined

ŞATLYKLY GÜNLER

Bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Boş wagtyny peýdaly güýmenjä sarp edýän, milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz bilen gyzyklanýan, tebigatyň we etrap-kentlerimiziň gözel ýerlerine köpçülikleýin gezelenje çykýan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň sanynyň gün saýyn artýandygy guwandyryjydyr.

Turkmen

Светлый путь прогресса и процветания

2021 год, проходящий под девизом «Туркменистан – Родина мира и доверия», наполнен богатыми событиями, в числе которых историческая дата – 30-летие со дня обретения независимости нашей страны. Она будет вписана золотыми буквами в летопись эпохи могущества и счастья. Независимость является величайшим достоянием народа, играет важную роль в его судьбе, поэтому туркменистанцы с большим торжеством и радостью ежегодно отмечают этот главный праздник страны.

Undefined

TÄZE WEZIPELER — DEPGINLI ÖSÜŞLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara

abraýyny belende götermek babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde düýpli özgertmeleri has-da çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyň ähli ugurlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem, raýatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga hem-de öňde goýlan beýik maksatlara gönükdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Turkmen

Pages